Sepleriň elýeterliligi

Ýemendäki çaknyşykda bäş esger heläk boldy


Penşenbe güni Ýemeniň hökümet resmileri ýurduň günortasynda Al-Kaýdanyň söweşijileri diýlip çaklanylýan ýaragly toparyň amala aşyran hüjüminde azyndan bäş sany esgeriň ölendigini habar berdiler.

Maglumata görä, bu waka Ýemeniň Şabwa prowinsiýasynda ýüz beripdir.

Munuň özi soňky bir aýdan gowrak wagtyň içinde Al-Kaýdanyň söweşijileri diýlip çaklanylýan ýaragly söweşijileriň hökümet güýçlerine garşy amala aşyran üçülenji hüjümidir.
XS
SM
MD
LG