Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda “uly özgerişlik göze ilmeýär”


Düýbi ABŞ-da ýerleşýän “Freedom House”, ýagny “Azatlyk öýi” guramasy ýakynda geçiş döwrüni başdan geçirýän ýurtlar barada ýyllyk hasabatyny ýaýratdy.

Hasabat ýedi bölümden ybarat, ýagny “saýlawlar prosesini, graždan jemgyýetçiligini, garaşsyz metbugaty, dolandyryş sistemasyny, milli we ýerli demokratik dolandyryş düzgünini, adalatyň erkinliligini we korrupsiýany” öz içine alýar.

2010-njy ýyl boýunça ýaýradylan we 29 ýurdy öz içine alýan bu hasabatda Türkmenistana jemi ýedi görkezijiden 6,93 bal baha berlipdir, bu onuň iň pes baha eýe bolanlygyny aňladýar.

Bu mesele bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir “Freedom House” guramasynyň Barlaglar bölüminiň ýolbaşçysy Christopher Walker bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Bu soragy men size öňem birnäçe gezek beren bolmaly, ýagny siziň region barada her ýyl ýaýradýan hasabatyňyzda bolşy ýaly bu hasabatda hem Türkmenistan iň pes baha eýe bolupdyr, ýurtda heý bir üýtgän zat ýokmy?

Christopher Walker: Bu ençeme nukdaýnazardan seredilende ullakan sorag bolup durýar, bu ullakan soraga berip bolaýjak gysga jogabym şundan ybarat: “Freedom House” guramasynyň geçiş döwrüni başdan geçirýän ýurtlar barada ýaýradan hasabatynda üns beren zatlary –
Christopher Walker
demokratik sistema üçin wajyp bolan pudaklardyr. Ol hem erkin we adalatly saýlawlar, azat we garaşsyz graždan jemgyýetçiligi, erkin adalat sistemasy, demokratik dolandyryş düzgünini we korrupsiýa garşy göreş ýaly maddalardan ybaratdyr. Bu ugurlar barada gürrüň edilende Türkmenistanda göze ilýän ösüş ýok. Bu barada biziň geçiren barlaglarymyzyň netijesinde hem gürrüň edilýär. Emma Türkmenistanda şeýle özgerişlere päsgelçilik döredýän zat näme diýlende, bu syýasy erk-islege daýanýan bir mesele. Ýagny, bu giň tema.

Emma, umuman aýdylanda, bu ýurtda adam hukuklary depelenýär, media we graždan azatlygy ýok. Türkmenbaşynyň aradan çykmagy we onuň ornuna täze ýolbaşçynyň häkimiýet başyna geçmegine garamazdan, o diýen uly özgerişlik göze ilmeýär. Şonuň üçin biziň hasabatymyzda Türkmenistana berlen bahada o diýen özgerişlik ýok.

Azatlyk Radiosy: Merkezi Aziýada ýerleşýän ýurtlary dolandyrýan ýolbaşçylar, şol sanda Türkmenistanyň prezidenti demokratiýa we sýyasy taýdan ýurtda ýagdaýyň özgermegini islemeýän bolsa, şol ýurtlarda demokratik gymmatlyklaryň ornaşdyrylmagy üçin tagalla edýän edaralaram bar, meselem ÝHHG-ä, BMG we ÝB-e degişli toparlar. Olaryň regionda, esasanam Türkmenistanda alyp barýan roluna nähili baha berýärsiňiz?

Christopher Walker: Bu soragy agzalýan guramalaryň wekillerinden soramaklyk has ýerlikli bolardy. Emma öz pikirimi aýtsam, şol guramalaryň köpüsi demokratik ýurtlaryň wekilleri, olar demokratiýany ýaýbaňlandyrmak ugrunda iş alyp barýarlar. Esasanam ÝHHG bu kategoriýa girýär.

Bu gurama we Türkmenistanda iş alyp barýan şuňa meňzeş beýleki toparlar öz tagallalarynyň çäginde adam hukuklaryny we demokratiýany hem ýatdan çykarmaly däl. Netijede hökümet wekilleri bilen geçirilýän gepleşiklerde bu mesele mydama gozgalyp durulmaly.

Häzirki döwürde türkmen hökümeti bu tema hakda gürrüň edilmegini islemeýär. Emma diňe hökümet islemeýär diýip, şeýle temalar ünsden düşürilmeli däl.

Meniň pikirimçe, adam hukuklary ýaly meseleleriň mydama gozgalyp durulmagy barada sýyasy erk-isleg bolmaly. Eger halkara guramalary bu temany hemişe gozgap dursalar, hökümet bu meseläniň ünsden düşmejegine göz ýetirer. Şunlukda, şeýle sýyasatyň has täsirli netije bermegi mümkin.

Siziň soragyňyza berjek jogabym: demokratik prosesleri goldamaklyk halkara guramalaryň we Günbataryň Türkmenistanda alyp barýan sýyasatynyň gaýragoýulmasyz bir bölegi bolmaly.

Azatlyk Radiosy: Gowy maslahat berýärsiňiz, emma bu meselä başga bir nukdaýnazardan seretsek, meselem, Türkmenistan garaşsyzlygyna gowuşaly bäri o diýen üýtgän zadyň ýokdugyny aýdýarsyňyz, ýöne şol bir wagtyň özünde-de Günbatar guramalary hem türkmen ýolbaşçylaryny ýurtda reformalar geçirmek üçin mejbur edäýjek ädimler ätmekden saklanýarlar. Diýmek, eger türkmen ýolbaşçylary boýun alan borçlaryny berjaý etmeýän bolsalar, Günbatar guramalary hem öz missiýalaryna laýyk derejede iş alyp baranok. Emma siz näme üçindir öz hasabatyňyzda diňe Türkmenistanyň hökümetini tankytlap, Günbatar guramalarynyň kemçiliklerine üns bereňzok, bu adalatsyzlyk dälmi?


Christopher Walker: Meniň pikirimçe, ÝHHG-niň, ÝB-niň we ABŞ-nyň Türkmenistan bilen gatnaşygy adam hukuklarynyň çäginden daş düşýär. Emma bize galsa, adam hukuklary we demokratik reformalar ykdysadyýet, energiýa we şonuň ýaly islendik mesele hakda geçirilýän gepleşikleriň esasy bölegi bolmaly.

“Freedom House” guramasy, elbetde, ÝHHG-ni we şonuň ýaly beýleki guramalary tankytlaýar. Geçiş döwrüni başdan geçirýän ýurtlar barada ýaýradylan hasabatymyzda mesele boýunça o diýen gürrüň edilmedigem bolsa, soňky bir iki ýylyň dowamynda çap edilen hasabatlarymyza seretseňiz, ÝHHG-niň aşa tankyt edilenligine göz ýetirersiňiz. Hat-da Gazagystanyň ÝHHG-niň ýolbaşçylygyna bellenmegine-de biz juda garşy çykypdyk.

Umuman aýdylanda, adam hukuklary we demokratiýany goldap çykyş etmek meselesine gelende, ÝHHG ýaly beýleki guramalar has ulurak rol oýnap bilerdiler.

Azatlyk Radiosy: Siz “Geçiş döwrüni başdan geçirýän ýurtlar” barada ýaýradan hasabatyňyz bilen bagly eden çykyşyňyzda öňki Söwet Soýuzyna giren respublikalaryň käbirlerinde amala aşyrylan rewolýusiýalaryň şol ýurtlarda demokratiýanyň ýaýbaňlanmagyna o diýen täsirini ýetirmänligini aýtdyňyz. Onda, siziň pikiriňizçe, çykalga nirede?

Christopher Walker: Meniň pikirimçe, Gürjüstanda we Ukrainada geçirilen rewolýusiýalar barada gürrüň edilende, olar döwlet institutlarynda düýpli reformalaryň geçirilmegine ýol açmady. Elbetde, reformalary amala aşyrmak boýunça käbir gapylar açyldy, ýöne olaryň möçberi, geçirilip gutarylmaly möhleti we netijesi barada takyk zat aýtmak kyn.

Meniň pikirimçe, kanunlary, islendik mesele boýunça ilatyň garaýşyny we institutlary reformalaşdyrmak belli we gysga wagtda amala aşyrylýan hereketlerdendir çärelerden has kyn bolsa gerek. Şol bir wagtyň özünde-de Ukrainada mundan ýedi ýyl öň pikirini hem edip bolmajak zatlar bolup geçdi. Bu özgerişlikleriň arasynda metbugat azatlygy, saýlawlaryň geçiriliş usuly hakda gürrüň edip bolar. Netijede, bu barada aýdyp biläýjek zadym, rewolýusiýalary amala aşyrmaklyk meseläniň diňe bir tarapy. Diýmek, diňe rewolýusiýa bilen iş tamamlananok, esasy tagalla ondan soňra başlanýar. Bu iki işi biri-birinden aýry tutmak gerek.

Azatlyk Radiosy: Bilişiňiz ýaly, Merkezi Aziýada Orsýetiň we Hytaýyň, galyberse-de, Eýranyň syýasy täsiri barha artyp barýar. Şol bir wagtyň özünde Günbatarda ýerleşýän beýleki ýurtlar Türkmenistan ýaly ýurtlaryň energiýasy bilen has köp gyzyklanyp başladylar. Şeýle ýagdaýda adam hukuklary hem-de demokratik ösüşler barada gürrüň edilende Türkmenistanda mundan beýläk nähili özgerişliklere garaşyp bolar?

Christopher Walker: Meniň bu barada çaklama beýän etmekden saklanasym gelýär. Sebäbi hiç kimiň geljekde bolaýmagy mümkin wakalary öňden çaklamagy mümkin däl.

Siziňde aýdyşyňyz ýaly, Türkmenistandaky esasy kynçylyklar we päsgelçilikler göz öňünde tutulanda, aç-açan we demokratik dolandyryş usulyna eýerýän hökümet sistemasyny ýola goýmaklyk uzak wagt talap eder. Şonuň üçin Günbatar ýurtlary, şol sanda ÝB we ABŞ Türkmenistanda maýa goýmak barada düzýän strategiýalaryna uzak möhletiň çäginden garamaly. Sebäbi bu ýurtda gürrüňi edilýän ugurlar boýunça çalt özgerişlige umyt edip bolmaz.

Azatlyk Radiosy: Bu hasabaty çap etmezden ozal siz ýa siziň guramaňyzyň haysydyr bir wekili Türkmenistanda boldumy?

Christopher Walker: Guramanyň işgärleri we ekspertrleri wagtal-wagtal Türkmenistana sapar edýärler. Ýöne bu hasabaty taýýarlamak üçin ýörite Türkmenistana barmak bize başartmady. Emma bu hasabaty taýýarlan synçy region boýunça ykrar edilen ekspertlerden biri. Ol regiondaky ýagdaýlary gowy bilýär.

Elbetde, biz ýurduň içinde ýaşaýan synçylar we maglumat çeşmeleri bilen işleşmek isleýäris, emma bu aňsat däl. Bu ugurda iş salşyp boljak we käri boýunça ukyply adamlary tapmak kyn.

Hasabatymyzyň Türkmenistan baradaky bölegine we onuň netijelerine biziň doly ynamymyz bar.

Azatlyk Radiosy: Diýmek, siz Türkmenistanda bolman, bu yurt hakda hasabat taýýarladyňyz we her ýyl çap edýän hasabatyňyza seredilende hem bu ýurda berýän bahaňyz biri-birinden tapawut edenok. Bu ýagdaý hasabatyň abraýy barada sorag döredenokmy?


Christopher Walker: Meniň pikirimçe, elbetde, hasabatlary ýurda baryp, şol ýerden maglumat alyp, taýýarlamagyň uly peýdasy bar. Emma bu hökman şeýle bolmaly diýlen zadam ýok. Biziň synçylarymyz we ekspertlerimiz şol ýurtlarda ýerleşmeseler-de, Türkmenistan ýaly ýurtlara wagtal-wagtal sapar edýärler.

Bu meselä başga nukdaýnazardan-da seretemek gerek. Eger islendik ýurtda adalat we syýasy ýagdaýlar garaşsyz hasabatlaryň taýýarlanmagyna täsir ýetirjek bolsa, onda ýurduň içinde oturyp ýa şol ýerden maglumat alyp taýýarlanan hasabat obýektiw bolman biler. Dünýäde bu kategoriýa girýän ençeme ýurt bar, olardan biri hem Türkmenistandyr.

Elbetde, mümkin boldugyndan hasabatyň ýurduň içinden alnan täze maglumatlar esasynda taýýarlanmagy gowy zat, emma şol ýurtdaky syýasy sistemanyň hasabatyň garaşsyzlygyna kölege salmak howpy bar bolsa, onda hasabatyň daşary ýurtlarda taýýarlanmagy erbet pikir däl.

Şol bir wagtyň özünde-de maňa Radioňyz arkaly diňleyjilere öz sesimi ýetirmäge rugsat ediň. Eger biziň hasabatymyzda ylalaşyp bolmajak maglumatlar gözüňize ilse, onda muny bize hökmän bildiriň!

Degişli makalalar

XS
SM
MD
LG