Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ulaglarda kim uklaýar?


Welaýatlardan Aşgabada gelýän «gasterbaýterler» awtobuslarda, trolleýbuslarda uklaşyp gelýärler. Agyr zähmet olary maýryp barýar.

Aşgabat şäheriniň içine gatnaýan awtobuslaryň ýüki ýetik. Ir ertirem şeýle, günortanam, giçligem. Märeke egsiler ýaly däl. Awtobuslaryň gatnaýyşlary-da oňşarlykly.

Mundan otuz-kyrk ýyl ozal awtobuslarda, trolleýbuslarda gazet, žurnal, kitap okap barýan ýolagçylara kän gabat gelnerdi. Häzir beýle däl. Döwür bu zatlara-da öz möhürini goýýar.

Adamlaryň okamaga eli degenok. Güzeran dolamak, maşgala eklemek ör-boýuna galdy. Iş tapmak kyn. Tapaýsaňam — iş agyr. Indi ozalkylar ýaly, sekiz sagat işlenilip, iki gün dynç alynýan döwürden oba göçdi. Häzir, köplenç halatda, ertirden agşama çenli işlenilýär. Dynç günleri-de işlenilýär. Bu meselede býujet işgärleriniňki az-owlak ganymat. Ýöne olaryňam dynç günleri köplenç burunlaryndan alynýar. Her dynç güni hökman çäre tapylýar. Çärä barmasaň —hasap soralýar. Hatda işdenem kowulýar.

Gurluşyklarda işleýänleriňki has agyr. Dogry, olaryň eden işine görä hak tölenilýär. Baýramçylyk, dynç günleri zähmet çekene artykmaç hak ýazylýar.

Adamlar zähmetem çekmeli, dynjam almaly. Ýöne daşary ýurtlularyň gurluşyk firmalarynda işleýänleriň köpüsi dynç günlerinde hem işleýärler. Sebäbi olar maşgala eklemeli. Alýan haklarynyň bir bölegini kireýine ýaşaýan ýerleriniň hojaýynlaryna bermeli. Ýene bir bölegini obalaryna — ene-atasyna, maşgalasyna, çagalaryna ibermeli. Olar alýan haklarynyň ujypsyz bölegini özleri üçin sarp edýärler.

Başda awtobuslarda, trolleýbuslarda gazet-žurnal, kitap okaýan ýolagçy indi ýok diýdik. Häzir ulaglaryň üstünde başgaçarak ýagdaýa köp gabat gelinýär.

Soňky ýyllarda ulaglaryň üstünde uklaýan ýolagçylar köpeldi. Irden sagat altyda awtobusa ýa-da trolleýbusa münäý, azyndan dört-bäş sany adam uklap barýandyr. Şolaryň arasynda ýaşy elliden geçenem, kyrk ýaş töweregindäkilerem, hatda durmuşyň çetinden ýaňy giren gögele ýetginjeklerem bar. Olar şeýle bir süýji uklaýar — gapdallarynda çalarak ardynjyramaga-da utanýarsyň. Görgüsi ýamanlaryň üstünden ajy deriň ysy kükäp dur. Hany ýat ýerde, kireýine ýaşaýyşda olara günde-günaşa suwa düşere banýa!

Nätsinler, wagtly-wagtynda ýuwnup-ardynmaga, egin-eşiklerini çyrpmaga mümkinçilikleri ýok. Ýaban ýatyp işlemek aňsat düşmeýär. Awtobuslaryň, trolleýbuslaryň üstünde gijara-da edil şeýle waka höküm sürýär.

«Gastarbaýterler»

Esasan, Daşoguz, Mary, Lebap, Balkan welaýatlaryndan gelip, Aşgabat şäherindäki gurluşyklarda işleýänlere «gastarbaýterler» diýýärler. Olaryň ýaşamaýan ýeri ýok. Mikroraýonlaryň kireýine ýaşaýjylary-da şolar, howly jaýlarynyň ýaşaýjylary-da, hatda Çoganly posýologynyň töweregindäki daçalarda-da şolar topar-topar bolup ýaşaýarlar.

Maşgala eklemek üçin gije-gündiz, dynç günüsiz işlemek hernäçe daýaw, sagat kişini-de ir-u-giç maýyrýar. Şu gurluşyklarda, esasanam, ýaşlaryň zähmet çekýänini unutmaly däldiris. Gurluşyklarda ýykylyp-sürşüp, heläk bolýanlaram, maýyp bolýanlaram az däl.

Eýsem, «gasterbaýter» diýilýänleriň güzeranyny düzedip bolarmy?! Elbetde, düzedip bolar. Munuň üçin welaýatlarda iş ýerlerini köpeltmeli. Iş ýerleri köpelse, hak-heşdekleri ýeterlik bolsa, hiç kim öz ýyly ojagyny taşlap, Aşgabada talap gözläp gelmez.

Türkmenistan gurulýan, gurulmaly ýurt. Häzir welaýatlarda, etraplarda kerpiç zawodlaryny, sement çykarýan kärhanalary, asfalt zawodyny, gurulýan binalara gapydyr penjire ýasaýan kärhanalaryň sanyny köpeldip bolsa, ine, adamlara iş!

Bäş-alty sany etrapda däl-de, welaýatlaryň, etraplaryň hemmesinde gurluşyk işlerini alyp barmaly. Halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrjak şuňa meňzeş çäreleri ýene-de gözläbermeli. Şeýdilse, welaýatlaram, etraplaram öser, ýerli ilata-da näçe diýseň, iş tapylar.

Şonda, agyr zähmet netijesinde ýegşerilip, maýrylara gelen — paýtagtyň awtobuslarynda, trolleýbuslarynda argynlykdan ýaňa irkilişip, işe barýan, uklaşyp işden gelýän ildeşlerimiziň sany görnetin azalardy. Olar ýadasalar-da, özleriniň mähirli ojaklarynda-ha uklardylar.

Çoluk Möwlamow aşgabatly intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.


XS
SM
MD
LG