Sepleriň elýeterliligi

Amerikan Senaty Mýanma garşy gadaganlygyň möhletini uzaltdy


Amerikan Senaty Mýanmadan haryt getirmäge gadaganlygyň möhletini uzaltdy. Dokument gol çekmek üçin prezident Barak Obama ugradyldy.

ABŞ bu aksiýanyň maksadynyň Mýanmanyň harby häkimiýetlerini demokratiýalaşma ýolunda ädim ätmäge mejur etmekdigini, hususan-da, oppozisiýa lideri Aun San Su Çjini öý tussaglygyndan azat edip, erkin saýlawlar geçirmekdigini aýdýar.

Soňky 20 ýylda ilkinji gezek saýlawlaryň şu ýyl geçiriljedigini Mýanma häkimiýetleri aýdypdy. Emma saýlawlaryň wagty yglan edilmedi we oňa uly oppozision güçýler gatnaşyp bilmez.
XS
SM
MD
LG