Sepleriň elýeterliligi

ABŞ iki daşary ýurtlyny Ispaniýa we Latwiýa berdi


Guantanamadaky harby-deňiz bazada – türmede saklanýan iki daşary ýurtlyny ABŞ Ispaniýa we Latwiýa berdi.

Madridiň we Riganyň haýyşy boýunça şol adamlaryň atlarynyň aýan ediljek däldigi ABŞ-nyň Goranmak ministrliginiň maglumatynda bellenýär.

Terrorizmde güman edilýän daşary ýurtly adamlary saklamak üçin 2002-nji ýylda döredilen bu türmäni ýapmaga ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama häkimiýet başyna gelende söz beripdi. Emma şu wagta çenli onda saklanýan adamlaryň sanyny diňe 245-den 176-a çenli azaltmak başartdy.

Bu bazany terk edenleriň köpüsi ABŞ-da günä bildirilmedikler we dünýäniň dürli döwletleriniň kabul etmäge razylyk beren tussaglarydyr.
XS
SM
MD
LG