Sepleriň elýeterliligi

Obama yrakly syýasatçylary täze hökümeti düzmäge çagyrdy


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama mümkin boldugyndan tiziräk täze hökümet düzmäge Yragyň syýasatçylaryny çagyrdy.

Parlament saýlawlaryndan bäri 5 aý geçdi, emma garşydaş partiýalar koalisiýa düzmekde ylalaşyp bilmeýärler.

Barak Obama düýn Waşngtonda ABŞ-nyň Yrakdaky ilçisi Kristofer Hill hem şol ýurtdaky amerikan goşunlarynyň serkerdesi general Reý Oderno bilen duşuşandan soň Ak Tam beýannama ýaýratdy.

Yrakdan amerikan goşunlaryny çykarmak işiniň planlaşdyrylyşyndanam çalt barýandygyny, awgustyň ahyryna çenli ol ýerde 50 müň töweregi amerikan soldatynyň galjakdygyny generalyň prezidente hasabat berendigi maglumatlarda bellenýär.
XS
SM
MD
LG