Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda 230 kilogram tirýek ele salyndy


Türkmenstanyň kanun goraýjy organlary 22-nji iýulda 230 kilogram gowrak tirýegi ele saldylar diýip, RIA Nowosti agentligi habar berdi.

Türkmen telewideniesiniň maglumatyna görä, Eýrandan Türkmenstana getirilen neşe başda 250 kilogram eken.

Türkmenistanly neşe söwdagärleri Toýota maşynda tirýegi eýran-türkmen serhedinden geçiripdir.

9 adamdan ybarat topar ele salnanda, neşäniň belli bir bölegi eýýäm ýerlenipdir.

Jenaýatçylardan milli we daşary ýurt pullary alnypdyr. Olar neşe söwdasyndan gazanan pullaryna dürli hili daşary ýurt maşynlaryny, Aşgabatdan saýlantgy kwartiralary satyn alypdyrlar.

Türkmenstanyň habar serişdeleriniň maglumatyna görä, şol zatlaryň ählisi konfiskasiýa edilipdir.

Ekspertleriň pikiriçe, neşe Owganystanda öndürilen bolmaly.

Çak bilen bir kilo tirýegiň bazar bahasy 30 müň dollar diýlip, maglumatda bellenýär.
XS
SM
MD
LG