Sepleriň elýeterliligi

Oş arassalandy, emma özbekler hiç kime ynananok


Panniýer: "Alada goýýan esasy zat – özbekleriň ýurtda hiç kime, şol sanda Bişkege, Oşdaky ýerli administrasiýa, elbetde, polisiýa we esgerlere ynamynyň bolmazlygydyr."

Panniýer: "Alada goýýan esasy zat – özbekleriň ýurtda hiç kime, şol sanda Bişkege, Oşdaky ýerli administrasiýa, elbetde, polisiýa we esgerlere ynamynyň bolmazlygydyr."

Biz penşenbe güni ýerli wagt bilen irden sagat 9-da Oşa geldik.

Aeroportdan çykyp, maşynly şäheriň merkezine barýarkak, gözümize ilen az sandaky özgerişlerden biri – ýoluň üstündäki barrikadalaryň aýrylmagydy. Ýöne şol barrikadalardan biri aeroportuň ýakynynda we beýlekisi bolsa, şäherden çykan ýeriňde henizem göze ilýär. Oşda ýakynda bolan çaknyşyklarda weýran bolan we oda ýakylan binalardan köpüsiniň töwereginden döwlen çüýşeler ýygnalyp alnypdyr. Weýran edilen naharhanalar hem arassalanypdyr. Emma olaryň durky, elbetde, gowy däl. Olaryň köpüsiniň üçegi ýok. Ýöne, muňa garamazdan, olar mundan bir aý öňki durky bilen deňeşdirilende has arassa görünýär.

Men diňe şäheriň merkezindäki ýagdaý barada gürrüň berýärin. Haçanda özbekleriň köpçülikde ýerleşýän regionlaryna baranyňda, durumyň olar üçin oňyndygyny aýtmak kyn. Olara azyk-iýmit ýetmezçilik edýär. Biziň baran şol regionymyzda birki sany maşyn gözümize ildi. Şol adamlar maşynda getiren önümlerini halka satýar ekenler. Bu özbekleriň köpçülikde ýerleşýän şol regionynda halkyň azyk-iýmit bilen üpjünçiliginiň esasy ýollaryndan biri ýaly bolup görünýär.

Regionyň ýaşaýjylarynyň köpüsi yzyna dolandy we olardan ýarpysyndan gowragy öz garyndaşlarynyň öýlerinde ýaşaýarlar. BMG-niň Bosgunlar boýunça kommissiýasy olara ýaşar ýaly çadyr hem paýlapdyr. Onsoň olaryň uly bölegi häzirki döwürde öňki öýlerinde, ýykylan we weýran bolan jaýlarynyň gapdalynda çadyr gurup ýaşaýarlar.

Etniki özbeklere bolan garaýyş barada gürrüň edilende soňky bir aýyň dowamynda duýarlykly üýtgän zadyň bardygyny aýtmak kyn. Biz penşenbe güni gün irden Oşuň ýakynynda ýerleşýän Kirpçeny diýlen oba bardyk. Şol oba baranymyzda bir öýüň öňünde “Serhetsiz lukmanlar” toparynyň maşyny gözümize ildi. Biz şol öýe girdik. Olaryň Gyrgyzystanyň esgerleri tarapyndan şu gün irden we düýnki ýenjilen özbekleri bejerýänligini gördük. Öten gije gyrgyz esgerleri köçäniň gyrasynda ýerleşýän bir dükandan bahasyny tölemän, garpyz alyp gidipdirler, şonuň üçin şol ýerde gykylyk turupdyr.

Penşenbe güni irden şol obada ýene harby çäreler geçirildi. Munuň sebäbi, belkem, öten gije bolan şol waka bilen baglydyr. Esgerler birnäçe adamy tussag edip, olardan birnäçesini hem ýenjipdirler.

Häkimiýetler günäkärlenýär

Men ýerli adamlar bilen gepleşenimde, olar munuň gündelik kadaly ýagdaýa öwrülenligini aýtdylar. Olaryň bu pikiri beýleki halkara synçylary tarapyndan öňe sürülýän garaýyşlary tassyklaýar. BMG-niň Adam hukuklary boýunça kommissary Nawi Pillaý tarapyndan penşenbe güni ýaýradylan beýanatda hem Gyrgyzystanyň howpsuzlyk güýçleriniň adamlary dürli gynamalara sezewar edenligi barada özüne hasabatlaryň gowşanlygy aýdylýar.

Pillaýyň beýanatynda şeýle diýilýär “Köpüsi ýaş-ýetginjeklerden we, umuman aýdylanda, aglabasy etniki özbeklerden ybarat bolan ençeme adam wagtlaýyn tussaghanalara salyndy. Bu ädimler agzalan çäräniň diňe etniki sebäplere esaslanýandygyny görkezýär, olar Gyrgyzystanyň kanunlaryna-da, halkara kanunlara-da gabat gelenok”.

“Ýagdaýy nähili gowulandyryp bolar hem-de bu wakalara sebäp bolýan zatlar näme?” diýlen soraga jogap berip, özbekleriň köpüsi ýerli administrasiýany aýyplaýarlar. Ýerli administarsiýa diýlende göz öňünde tutulýan adamlar şäher häkimi we onuň ýakyn ýaranlarydyr. Alada goýýan esasy zat – özbekleriň ýurtda hiç kime, şol sanda Bişkege, Oşdaky ýerli administrasiýa, elbetde, polisiýa we esgerlere ynamynyň bolmazlygydyr.

“Bu meseläni nähili çözüp bolar? Eger ÝHHG Oşa howpsuzlyk güýçlerini, hatda ýaragsyz adamlary iberse nähili bolar?” diýlen soraga olaryň ählisiniň oňyn jogap berýändiklerini, bu pikir bilen ylalalşýandyklaryny aýtdylar. Olar regionda professional toparyň zerurdygyny we Gyrgyzystanyň howpsuzlyk güýçleriniň we esgerleriniň alyp barýan işlerine gözegçilik etjek mehanizmiň bolmalydygyny bellediler. ÝHHG-niň polisiýa güýçleri bu regiona getirilse, wagtlaýyn tussag etmeleriň we gynamalaryň derhal togtajakdygyna ynamlarynyň bardygyny aýtdylar.

Biziň bilen söhbetdeş bolan we aglabasy özbeklerden ybarat şol toparyň aýtmagyna görä, bu iş näçe çalt amala aşyrylsa, şonça-da gowy bolar. Olar daşary ýurt polisiýa güýçleriniň Oşa we bu şäheriň töwereginde ýerleşýän obalara iberilmegi baradaky pikiriň tassyklanmagyny we şol harbylary ýakyn wagtda sebitde görmek isleýänliklerini aýtdylar.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň žurnalisti Brýus Panniýer maglumatlary Oşdan iberdi.
XS
SM
MD
LG