Sepleriň elýeterliligi

Demirgazyk Koreýanyň häkimiýetleri haýbat atýar


Anna güni Demirgazyk Koreýanyň häkimiýetleri ýakynda Günorta Koreýanyň harby gämisiniň suwa gark bolmagynda Birleşen Ştatlaryň Demirgazyk Koreýany aýyplandygy üçin muňa özüniň talabalaýyk jogap berjekdigi bilen haýbat atdy.

Anna güni Wýetnamyň paýtagty Hanoýda açylan Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň regional Sammitinde eden çykyşynda Demirgazyk Koreýanyň delegasiýasynyň metbugat sekretary Ri Tong Il Demirgazyk Koreýa garşy bildirilen bu aýyplamalar üçin öz ýurdunyň «duşmançylykly taraplardan» fiziki ar aljakdygyny aýdyp, duýduryş berdi.

Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň regional Sammitine bu regionyň käbir beýleki döwletleri bilen bir hatarda Birleşen Ştatlaryň, Hytaýyň, Orsýetiň, Ýaponiýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň-de ýokary derejeli resmileri gatnaşýarlar.
XS
SM
MD
LG