Sepleriň elýeterliligi

Serbiýa BMG-niň Halkara sudunyň kararyndan nägile


Anna güni Serbiýanyň häkimiýetleri BMG-niň Halkara sudunyň düýnki çykaran kararyna nägilelik bildirip, barybir özleriniň Kosowanyň garaşsyzlygynyň bikanun diýlip yglan edilmegi ugrunda göreşjekdiklerini mälim etdiler.

Penşenbe güni Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara sudy Kosowanyň 2008-nji ýylda birtaraplaýyn ýagdaýda öz garaşsyzlygyny yglan etmegine kanuny hereket hökmünde baha berip, karar çykardy.

Halkara sudunyň prezidenti Hisaşi Owada Kosowanyň öz garaşsyzlygyny birtaraplaýyn ýagdaýda yglan etmesiniň halkara kanunçylygyna garşy gelmeýändigini aýtdy.

Halkara sudy bu meselä Serbiýanyň hökümetiniň şikaýaty esasynda garady. Ýöne Serbiýanyň häkimiýetleri Halkara sudunyň bu karary bilen özleriniň ylalaşmaýandyklaryny aýdýarlar.

Serbiýanyň prezidenti Boris Tadiç indi bu meseläniň şu ýylyň sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda ara alnyp maslahatlaşylmagyna aýak direýär.
XS
SM
MD
LG