Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yragyň türmesinden dört adam gaçyp çykdy


Anna güni Yragyň Adalat ministri Dara Nureddin Al-Kaýda topary bilen baglanyşygy bolan dört sany tussagyň Bagdadyň etegindäki türmeden gaçyp çykandyklaryny aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, bu tussaglar bir hepde mundan ozal Birleşen Ştatlar tarapyndan tussag edilip, Yragyň häkimiýetlerine tabşyrylypdyr.

Bu wakanyň fonunda anna güni Britaniýanyň daşary işler ministri Wilýam Hag Yragyň daşary işler ministri Hoşýar Zebari bilen telefon gürrüňdeşliginde britaniýaly ynsanperwerlik guramasynyň işgärini öldüren Ali Lutfi al-Rawiniň hem Yragyň türmesinden ýitirim bolmagy bilen bagly öz aladasyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG