Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet NATO bilen hyzmatdaşlygy dikeltmäge taýýar


Anna güni Orsýetiň hökümeti NATO harby bileleşigi bilen özüniň ozalky hyzmatdaşlyklaryny gaýtadan dikeltmäge taýýardygyny mälim etdi.

Orsýet bilen NATO-nyň harby hyzmatdaşlyklary iki ýyl mundan ozal Orsýet-Gürjüstan harby konfliktleriniň yzy bilen belli bir derejede bökdelipdi.

Anna güni Orsýetiň harby güýçleriniň baş ştabynyň komanduýuşisi general Nikolaý Makarow häzirki zamanyň käbir kynçylyklaryna garşy durmakda we halkara howpsuzlygyny berkitmekde Orsýetiň NATO bilen bilelikde hyzmatdaşlyk alyp barmaga taýýardygyny aýtdy.

Bu çykyşynyň onýany general Nikolaý Makarow NATO-nyň harby komitetiniň başlygy, admiral Giampaolo Di Paola bilen Moskwada gepleşik geçirdi.
XS
SM
MD
LG