Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkezi Aziýa we demokratik döwlet gurluşy


Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew (çepde) we türkmen kärdeşi Gurbanguly Berdimuhamedow Astanada, 28-nji maý, 2007-nji ýyl.
Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew (çepde) we türkmen kärdeşi Gurbanguly Berdimuhamedow Astanada, 28-nji maý, 2007-nji ýyl.
Häzirki wagtda dünýäniň köp döwletleri demokratik sistema geçip başladylar. Amerikanyň belli syýasatşynasy Samuel Hantington özüniň «Demokratiýalaşmagyň üçünji tolkuny» diýen ylmy işinde 1974-nji ýylda Portugaliýada başlanan demokratiýanyň üçünji tolkunynyň öňki Sowet Soýuzynyň we Gündogar Ýewropanyň totalitar sistemadan azat bolmagyna getirenligini belläp geçýär.

Ol öz teoriýasynda dünýäniň demokratiýalaşmak ýoluny üç sany tolkuna bölýär. Awtor öz kitabynda demokratiýanyň tolkunlarynyň taryhyň
Samuel Hantington (1927-2008)
dürli hadysalaryndan ugur alyp bilýänligini birnäçe mysallaryň üsti bilen subut edýär. Onuň teoriýasynda birinji demokratik tolkun «uzak möhletli» diýip atlandyrylýar, ol 1828-1926-njy ýyllary öz içine alýar. Ikinji «gysga döwürli» demokratik tolkunyň 1943-1962-nji, üçünjisiniň 1974-nji ýyldan başlananlygy görkezilýär. Hantingtonyň garaýşyna görä, üçünji tolkun häzir hem dowam edýär.

Demokratik tolkunlaryň diňe döwlet agdarylşyklarynyň üsti bilen däl-de, ykdysady ösüşler bilen hem bolup bilýänligini syýasatşynas Hantington kitabynda belläp geçýär. Bu prosesleriň amala aşmagynda dinleriň hem aktiw rol oýnap bilýänligini, esasan hem hristian dininiň protestant toparlarynyň demokratik dolandyrşyň (kollektiwleýin) tarapynda durup gelendigini Hantington aýdyp geçýär.

Käbir syýasy bilermenler yslam dünýäsinde demokratiýanyň ýol almajagyny, bu diniň asly konserwatiw ideýalara ýugrulandygy bilen düşündirýärler. Olaryň pikirine görä, häzirki dünýäde diňe Türkiýe döwleti bolaýmasa, ol hem doly däl görnüşli demokratik sistemada ýaşaýan ýeke-täk yslam dinli ýurtlaryň biridir. Munuň sebäplerini olar asyrlar boýy yslam taglymatynyň ýoýlup gelmeginde görýärler. Arap hanlyklary monarhiýa sistemasyny berkitmek üçin öz ündeýän wagyzlarynda ilatyň bir patyşa boýun bolmagyny, hanyň, soltanyň, patyşanyň ähli buýruklarynyň gep-gürrüňsiz ýerine ýetirilmegini, şeýle hem bir şahsa (ymama) tabyn bolmaklygy ündeýärler.

Meniň pikirimçe, bu ýerde sebäp esasy dini taglymatda däl-de, halkyň ykdysady we sowatlylyk derejesinde. Dünýäde yslam dinine uýýän döwletleriň 80%-den gowragy, häzirki ykdysady ölçeg bilen aýdanymyzda, garyplykda ýa-da gedaýçylykda ýaşaýarlar. Beýle ýagdaý bu döwletlerde bisowatlygyň hem ösmegine getirýär. Bu hem milleti syýasy talaplardan daşda saklaýar. Ýurtda demokratik prinsipler ündelýänem bolsa, ol asyl görnüşinde işläp bilmeýär.

Merkezi Aziýa ýurtlary, SSSR ýykylansoňam, ine, indi 20 ýyl bäri demokratik hukuk döwletini gurup bilmän gelýärler. Munuň esasy sebäpleriniň biri hem halkyň ykdysady ýagdaýynyň derejesiniň pese düşmegindendir. Ýogsa, Merkezi Aziýanyň üç sany döwleti - Gazagystan, Türkmenistan, Özbegistan tebigy serişdelere baý döwletler. Eger Türkmenistan her ýylda 70 milliard kubometre golaý tebigy gaz öndürip, onuň 80 %-ni-de eksport edýän bolsa, Gazagystanda her ýylda 40-50 mln tonna nebit öndürilýär. Bu baýlyklar, elbetde, ol ýurtlaryň halklarynyň sowatly we orta gurplulykda ýaşamagyny üpjün etmeli. Ýöne, gynansakda, iş ýüzünde bu beýle bolaýanok.

Ýakynda goňşy Gyrgyzystanda bolan syýasy wakalar bu meselede dörän ýagdaýlary aýdyňlaşdyrdy. Gyrgyzlarada 2005-nji ýylda bolan «Çigildem rewolýusiýasy» we 2010-njy ýylyň aprelinde bolup geçen halk tolgunyşyklary ýaly prosesler diňe Özbegistanda 2005-nji ýylda Andijanda bolan halk nagilelikleri bolaýmasa, başga ýerlerde gozgalaň bolmady. Munuň sebäbini ykdysady mesele bilen düşündirse bolar.

Gyrgyzystan beýleki goňşy döwletler ýaly baý däl. Onuň territoriýasynda tebigy baýlyklar ýok. Ol esasasan oba hojalygy bilen eklenýän döwlet. SSSR-iň dargamagy bu döwleti iň garyp döwletleriň hataryna getirdi. Ýurtda dörän agyr ykdysady ýagdaýlar halkyň köçä çykmagyna, öz hukuklaryny talap etmegine sebäp boldy. Hökümet daşary ýurtlaryň maliýe kömegine mätäç. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan başlap, gyrgyz hökümetiniň «Halkara walýuta fondundan» karz pullary almagy ýurtda az hem bolsa syýasy erkinligiň açylmagyna getirýär. Şonuň üçinem halkara guramalaryň talaplary bilen, gyrgyz hökümeti mejbury syýasy reformalary geçirmeli bolýar. Bu hem ýurtda syýasy partiýalaryň döremegine getirýär.

Gyrgyzlaryň ilkinji prezidenti Askar Akaýew şu ýylyň aprelinde Bişkekde bolan syýasy wakalar hakynda Moskwada beren interwýusynda ýokardaky pikirleri tassyklap, şeýle diýdi: «Eger meniň hem ýurdumda (Gyrgyzystanda) Türkmenistandaky, Özbegistandaky ýaly tebigy gazym, altynym, Gazagystandaky ýaly hem nebitim, iri senagat pudaklarym bolsady, onda menem şu güne çenli häkimýetde oturardym! Tebigy baýlyk ýok ýurtda sen mejbury ýagdaýda halkara syýasy basyşlara duçar bolýaň. Eger-de Türkmenbaşynyň gazy bolmadyk bolsa, onda ol hem bir wagt häkimligini ýitirerdi».

Mongoliýa mysaly

Askar Akaýewiň bu pikirleri Merkezi Aziýa girýän, hiç wagt resmi taýdan SSSR-iň düzümine girmedik, ýöne onuň syýasy ideologiýasyny 60 ýyldan gowrak wagtlap ýöredip gelen Mongoliýanyň mysalynda görse bolar. Merkezi Aziýanyň demirgazygynda ýerleşýän Mongoliýa döwletiniň territoriýasy 1566,5 müň km2, ilaty iki ýarym million adam. Dinleri buddizm we yslamdyr. Ilatyň 50%-den gowragy oba ýerlerinde ýaşaýar. Olaryň aglabasy häzirki güne çenli dikme öýlerde (gara öý) ýaşaýarlar. Mongoliýa 1961-nji ýyldan bäri BMG-niň agzasydyr. 1990-njy ýylda Halkara walýuta fonduna (IMF), 1991-nji ýylda «Goşulmadyklaryň hereketine», 1997-nji ýylda bolsa «Dünýä söwda guramasynyň» agzalygyna kabul edilýär.

Mongoliýanyň territoriýasynyň 40%-ni daglar tutýar, galan ýeri bolsa çöller. Belki, onuň göze dürtülip duran baýlyklarynyň ýoklugy sebäpli öz wagtynda Iosif Stalin ony SSSR-iň düzümine kabul eden däldir. Ýöne sowet döwründe Mongoliýa SSSR-iň resmi däl bir bölegi hasap edilýärdi.

1990-njy ýylda SSSR-iň ykdysady taýdan güýçden gaçmagy Mongoliýanyň özbaşdak ýaşap başlamagyna getirýar. Olar ilki marksizm-leninizm ideologiýasyndan daşlaşyp, ýurduň ykdysadyýetine üns berip başlaýarlar. Şol wagt ýurtda hereket eden ýeke-täk «Mongoliýanyň milli rewolýusion partiýasy» öz programmasyny sosial ideýalar bilen baýlaşdyrýar. Mongoliýanyň daşary dünýä, ylaýtada kapitalistik ýurtlar bilen aragatnaşyga girmegi onuň 1990-njy ýylda Halkara walýuta fondunyň agzasy bolamagyna getirýär. Bu hem ýurduň syýasy we ykdysady taýdan ýumşap başlamagyna ýol açýar. Hususy eýeçilik ýuwaş-ýuwaşdan işläp ugraýar. Ýurduň oba ilaty syýasy bisowatlygyna galsa-da, Mongoliýada syýasy partiýalar döräp başlaýar. 2003-nji ýylda olaryň sany 17-ä ýetýär.

1992-nji ýylýň 13-nji ýanwarynda Mongoliýa täze Konstitusiýany kabul edýär. Şol Konstitusiýa laýyklykda, Mongoliýanyň halky parlament we prezident görnüşli döwlet sistemasyny saýlap alýar. Olaryň Konstitusiýalary ýakynda gyrgyzlaryň referendumynda kabul eden Baş kanuna gaty meňzeş.

Mongoliýanyň parlamenti «Beýik döwlet huraly» diýlip atlandyrylýar. Onuň 76 sany deputaty bar. Öňki hökümetiň «Milli rewolýusion partiýasy» tä 2004-nji ýyla çenli parlamentiň 98% deputatlyk ornuny öz ellerinde saklap geldi. Şol ýyl geçirilen parlament saýlawlarynda oppozision «Watan-Demokratiýa partiýasynyň» 36 orny eýelemegi ýurtda täze hökümetiň döremegine getirýär.

Häzir Mongoliýa sebitde ýeke-täk demokratik režimli döwlet. Onuň iki tarapyndan gurşap alan Hytaý halk respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň syýasy haýbaty demokratik Monogoliýany öz ýolundan dänmäge mejbur edip bilenok. Az sanly mongol halky demokratiýanyň tagamyny dadansoň, ony yzyna köne awtoritar režime dolap getirmek hiç bir güýje başartmasa gerek.

Mongoliýanyň syýasy tejribesi gyrgyzlara hem uly sapak bolýar. Gyrgyzlaryň ykdysady ýagdaýlaryndan çen tutsaň, onda bu döwletiň hem ýakyn ýyllarda Mongoliýanyň geçen ýollaryny geçip, demokratik sistemaly döwletleriň birine öwrüljegini aýtsa bolar.

Syýasatşynas Samuel Hantingtonyň teoriýasyndan ugur alsaň, Merkezi Aziýanyň tebigy baýlyklara baý döwletleri bolan Gazagystan, Özbegistan, Türkmenistan geljekde ykdysady ösüşleriň üsti bilen demokratiýa aýak basmaly. Sebäbi bu döwletleriň üçüsem öz Konstitusiýalarynda demokratiýa sistemasynyň tarapdarydygyny tassyklaýarlar. Bularda demokratiýanyň daşky görnüşleri görünse-de, geljekde ykdysadyýetiň ösmegi onuň içki döwlet strukturalarynda hem döremegine getirer. Dogry, bu proses ýene ençeme ýyllary öz içine alar. Eger-de dünýa ykdysady çökgünligi dowam etse, ýurtda ykdysady ösüşler amala aşmasa, onda bu döwletlerde halk tolgunşyklarynyň ýüze çykyp, awtoritar režimleriň halk gozgalaňlary sebäpli häkimliklerini ýitirmegi-de ahmaldyr. Bu hem, Hantington aýtmyşlaýyn, demokratiýa barmagyň ikinji ýoludyr.

Gurbangeldi Töräýew aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG