Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Abhaziýa, Günorta Osetiýanyň liderleri Çawez bilen duşuşdylar


Öten agşam Gürjüstanyň separatistik regionlary bolan Abhaziýa bilen Günorta Osetiýanyň liderleri Wenesuelanyň paýtagtynda bu ýurduň prezidenti Hugo Çawez bilen duşuşdylar.

Hugo Çawez habarçylara beren interwýusynda Abhaziýanyň lideri Sergeý Bagapş hem-de Günorta Osetiýanyň lideri Eduard Kokoýti bilen geçiren gepleşiklerinde, esasan, Wenesuela bilen bu iki regionyň hyzmatdaşlyklary barada pikir alşandygyny aýtdy.

Hugo Çawez öz çykyşynda Latyn Amerikanyň beýleki döwletlerini-de Abhaziýa bilen Günorta Osetiýanyň özbaşdaklygyny ykrar etmeklige çagyrýandygyny nygtady.

Wenesuela Abhaziýa bilen Günorta Osetiýanyň garaşsyzlygyny ykrar eden dört döwletden biri bolup durýar.
XS
SM
MD
LG