Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow birnäçe möhüm kararlara gol çekdi


Düýn Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe möhüm kararlara gol çekdi.

Bu gol çekilen kararlardan birinde welaýat we etrap merkezlerinde, şäherlerde, şäherlerçelede we obalarda berlen ýer uçastoklarynda ýaşaýjylara iki gatdan uly bolmadyk ýaşaýyş jaýlaryny gurdurmak üçin döwlete degişli bolmadyk gurluşyk edaralary bilen üçtaraplaýyn kontrakt baglaşmaga rusat berilýär.

Mundan daşary, Türkmenistanyň prezidenti ýaşaýyş kwartiralaryny satyn almak isleýän raýatlaryň nobatlaryny düzgünleşdirmek barada-da etraplaryň we şäherleriň häkimliklerini borçlandyryjy ýörite karara-da gol çekdi.

Bu gol çekilen kararlaryň hatarynda gurluşyk edaralaryna ýyllyk 7 prosent töleg bilen, Türkmenistanyň adaty raýatlaryna bolsa kwartiralary satyn almak üçin ýyllyk 1 prosent töleg bilen ýörite banklardan kredit almaklyga rugsat beriji karar hem bar.
XS
SM
MD
LG