Sepleriň elýeterliligi

Dagystan respublikasyndaky hüjümlerde bäş adam öldi


Şu gün Orsýetiň hökümet resmileri ýurduň günortasyndaky Dagystan respublikasynda ýaragly hüjümçileriň amala aşyran iki sany aýry-aýry hüjümlerinde bäş adamyň ölendigini habar berdiler. Ölenlerden üçüsiniň harby ofiserlerdikleri habar berilýär.

Maglumata görä, bu hüjümleriň ikisem Dagystanyň Buýnaks şäherinde amala aşyrylypdyr.

Bu wakanyň fonunda bolsa, şu gün Orsýetiň Samara şäheriniň golaýyndaky söwda bazarynda-da näbelli ýaragly adamlaryň atan okundan azyndan iki sany organ işgäriniň ölendigi barada maglumat alyndy.

Orsýetiň Federal derňew komiteti bu wakada alty sany näbelli ýaragly adamyň söwda bazaryna baryp, garaşylmadyk ýagdaýda organ işgärlerine garşy ok atandyklaryny mälim etdi. Maglumata görä, bu wakada ýene azyndan bäş adam ýaralanypdyr.
XS
SM
MD
LG