Sepleriň elýeterliligi

“Serhetsiz reportýorlar” Hytaýyň häkimiýetlerini ýazgarýar


Şu gün halkara “Serhetsiz reportýorlar” guramasy uýgur milletinden bolan žurnalist Geýret Niýazyň Hytaýyň häkimiýetleri tarapyndan tussag edilmegini ýazgaryp beýanat ýaýratdy.

Ýakynda žurnalist Geýret Niýaz Hytaýyň Ksiňjan regionynda geçen ýylky bolan bulagaýçylyklar barada daşary ýurtly žurnalistlere interwýu beripdi.

Bu wakanyň yzy bilen Hytaýyň häkimiýetleri ony «döwletiň howpsuzlygyna howp abandyrmakda» aýyplap, tussag etdiler. Hytaýyň sudy ony 15 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Ynsan hukuklaryny goraýjy ýerli aktiwistler Geýret Niýaza sudda öz hukugyny goramak üçin hiç hili mümkinçiligiň berilmändigini we bu iş boýunça Urumçy şäheriniň sudunyň bir günde gutarnykly karar çykarandygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG