Sepleriň elýeterliligi

Ukraina – "demokratik ösüşiň nusgasy"


Ukraininanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç

Ukraininanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç

Waşingtonda ýerleşýän “Freedom House” guramasy dünýä ýurtlarynyň azatlyk derejesine syn edýär.

Guramanyň maglumatlaryna görä, Ukraina postsowet regionynda demokratiýa ugrunda öňegidişlik gazanan ýurtdur.

Emma ýurduň öňünde duran töwekgelçilikleriňdir kynçylyklaryň-da az däldigini “Freedom House” guramasynyň Barlaglar bölüminiň ýolbaşçysy Christopher Walker Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Azatlyk Radiosy: Ukrainanyň demokratik taýdan ösüşiniň ýa yza gaýdyşynyň ähmiýetiniň ýurduň diňe özi bilen çäklenmeýänligini bellediňiz. Ukrainanyň bu meselede regiona edýän täsiri barada gürrüň beräýseňiz?

Christopher Walker: Ukrainanyň demokratik döwlet hökmündäki üstünlikleriniň ýa şowsuzlyklarynyň ähmiýeti şeýle döwletleriň regionda köp däldigi bilen bagly. Öňki Söwet Soýuzynyň Baltikadan başga döwletleriniň arasynda Ukraina esasy ugurlaryň ençemesi boýunça öňe uly ädimleri ätdi.

Emma ýurduň soňky onýyllykda, aýratynam soňky bäş ýylyň dowamynda duçar bolan şowsuzlyklary regionyň agyr döwri başdan geçirýän we Ukrainadan görelde alýan beýleki döwletlerine dargadyjy täsir ýetirmegi ähtimal.

Azatlyk Radiosy: Geçen onýyllykda Ukrainanyň demokratik düzgünleri ornaşdyrmakda eden işlerine nähili baha berýärsiňiz? Durnukly döwlet institutlaryny döretmek we sistemanyň jogapkärçiligini güýçlendirmek Ukraina näderejede başartdy?

Christopher Walker: Postsowet döwründe ýagdaýyň has tiz özgerjegine umyt bildirilýärdi. Emma Leonid Kuçmanyň golastyndaky ýurtda bu işiň bitmesi örän kyndy, ýurtdaky mümkinçilikler örän çäklidi, metbugat azatlygyna basyş edilýärdi. Žurnalist Georgiý Gongadzäniň ölümi ýurtdaky ýagdaýyň agyrlygynyň açyk subutnamasy boldy.

Mundan on ýyla golaý wagt öň bolan şol wakalar öňe tarap ädimleriň örän kyn boljagyndan habar beripdi. Emma rewolýusiýa netijesinde ýurduň özgermegine tarap gapy açyldy, açyk we alternatiw saýlawlar, graždan jemgyýetiniň we habar serişdeleriň ähmiýetli roly kepillendirildi.

Azatlyk Radiosy: Ýurduň demokratizasiýa we graždan jemgyýetini ösdürmek taýdan gazanan üstünliklerine Moskwanyň tarapdary Wiktor Ýanukowiçiň hökümetinden howp abanýarmy?


Christopher Walker: Kärdeşlerimizden we analitiklerimizden gowuşýan maglumatlara görä, şu ýylyň başyndan bäri alada döredýän ençeme ýagdaýlar ýüze çykdy. Şeýle ýagdaý Ukrainanyň açyk döwlet hökmünde şu çaka çenli gazanan üstünliklerine we uzak möhletleýin perspektiwalaryna täsir ýetirip biler. Hususan-da, ýurtda raýat jemgyýetine we habar serişdelerine basyşlar artdy. Olar häzirlikçe aňrybaş howply bolmasa-da, basyşyň güýçlenýänliginden habar berýär.

Azatlyk Radiosy: Günbatar demokratiýasy Ukraina nähili ýardam berip biler?

Christopher Walker: Edilip bilinjek esasy kömek ýurduň soňky ýyllarda gazanan üstünliklerini goldamakdyr. Bu mesele ýewropaly we amerikan resmileriniň üns merkezinde durmaly. Bu temany ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klintonyň demokratik jemgyýetleriň ýakynda Krakowda bolan duşuşygynda gozgamagy örän möhüm boldy.

Şol bir wagtyň özünde-de Ukraina berilýän goldawyň ýakyn wagtda kesilmejegine hem güwä geçilmeli. Sebäbi ýakyn geljekde ýurda demokratik ýurtlar tarapyndan syýasy we beýleki ýardamlaryň berilmegine Ukrainada garşylyk görkezilmeginiň mümkinligini-de aradan aýryp bolmaz.
XS
SM
MD
LG