Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Braziliýanyň, Eýranyň hem Türkiýäniň resmileri duşuşdy


Ýekşenbe güni Türkiýäniň Stambul şäherinde Braziliýanyň, Eýranyň hem Türkiýäniň Daşary işler ministrlerini Eýranyň ýadro programmasy barasynda maslahat geçirdiler.

Bu üç döwlet maslahaty geçirmegiň ugurlaryny maý aýynda maslahatlaşypdy. Onda az derjede baýlaşdyrylan urany Türkiýä getirmek we soňra ony Orsýetden we Fransiýadan ýokary derjede baýlaşdyrylan uran bilen çalyşmak meselesi göz öňünde tutulýardy.

Eýran şu günüň özünde Halkara atom energiýasy gullugyna hat üsti bilen bu ylalaşygyň ugurlaryny mälim etmekçi.

Bu üç ýurduň gelen ylalaşygy dünýäniň iri döwletleri tarapyndan sowuk garşylandy. Sebäbi munuň özi Eýranyň atomy baýlaşdyrmak işini bes etmegi nazara almaýar. Bu bolsa olara atom ýaragyny döretmäge şert döreder diýlip, howatyr edilýär.
XS
SM
MD
LG