Sepleriň elýeterliligi

Talyplar amerikan esgerini zamun aldylar


Owganystandaky söweşijiler özlerinyň ele salan we öldüren amerikan esgeriniň jesedini tussag edilen söweşijilere çalyşjakdygyny aýtdylar.
Bu barada ýekşenbe güni resmi owgan çeşmesi maglumat berdi.

Mundan öňinçä, NATO-nyň komandowaniýesi geçen anna güni Gündogar Owganystandaky Logar welaýatynda ABŞ-nyň Deňiz pyýada goşunyndan 2 esgeriň azaşyp, Talyplaryň garamagyndaky territoriýa geçendigini we gaýdyp yzyna gelmändigini aýdypdy.

Owgan hökümeti Talyplaryň elinde diri galan 2-esgeri halas etmek barada iş alyp barýar.
XS
SM
MD
LG