Sepleriň elýeterliligi

Eýranyň hökümeti oppozisioneri türmeden boşatdy


Eýranyň hökümeti 200 müň dollar girew bilen reformaçy oppozisioner Mohsen Armini türmeden boşatdy. Ol Eýran parlamentiniň öňki deputatlaryndan biridi.

Ýerli “Arman” gazetiniň ýazmagyna görä, Armin ýurtda gadagan edilen Yslam rewolýusiýasynyň Mujahidleri Guramasynyň ýolbaşçy agzalaryndan biri hasaplanýar. Ol 16-njy maýda öz öýünde oturka tussag edilipdi.

Şol wagtyň özünde geçen ýylky prezidentlik saýlawlaryny ykrar etmedik beýleki käbir oppozisionerler hem tussag edildi. Ol saýlawda ýurduň häzirki ýolbaşçysy Mahmud Ahmedinejad ýeňiş gazanypdy.
XS
SM
MD
LG