Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Hytaýyň günortasynda ýagyş güýçlenýär


Sinoptikler Hytaýyň günortasynda çagbaly ýagyşyň güýçlenýändigini aýdýarlar.

Soňky maglumata görä ölen ýa-da dereksiz ýitdi diýilýänleriň sany 1 müň 100 adam bolupdyr.

Günorta-Günbatarda ýerleşen Siçuan welaýatynda güýçli siliň gelmegi netijesinde, ýüz müňden gowrak adam göçürilipdir.

Suw joşguny Hytaýyň ykdysadyýetine ýaramaz zyýan getirdi. Ondan 120 million hytaýly ejir çekdi.

Ýerli ýaşaýjylar 1998-njy ýyldaky betbagtçylkyk gaýtalanar diýip howatyr edýärler. Şonda üznüksiz çabga zerarly, Ýanszy derýasy öz hanasyndan çykyp, 4 müňden gowrak adamyň ölümine sebäp bolupdy.
XS
SM
MD
LG