Sepleriň elýeterliligi

Germaniýadaky basgyda ölenleriň sany 19 adam


Germaniýanyň DuýsBurg şäherinde dörän basgydan ölenleriň sany 19 adam, 340 çemesi adam ýaralandy. Olardan birnäçesiniň ýagdaýynyň agyrdygyny wraçlar aýdýarlar.

Ol baslyşyk bu ýerde geçirilen Techno-Music Love Parade atly sazly şowhunda, demir ýol duralgasynyň ýer asty geçelgesinde ýüze çykdy.

Şaýat bolanlaryň aýtmagyna görä, ýüz müňlerçe adamyň geçmeli ötüginiň öňünde ummasyz köp germew goýlup, geçilýän ýoly aşa daraldypdyrlar.

Ýöne DuýsBurg şäheriniň häkimi “häzir barlag dowam edýär, birini günälemek entek ir” diýipdir.

Bu sazly şowhun indi 1989-njy ýyldan bäri geçirilýärdi. Indiden soň ol bu ýerde geçirilmez diýip, ony gurnaýjylar aýdýarlar.

Şenbe günündäki şowhuna polisiýanyň maglumatyna görä, bütin Ýewropadan 1 millon 400 müň tomaşaçy gatnaşypdyr.

German hökümeti DuýsBurg şäherindäki baslyşykda heläk bolanlaryň maşgalalaryna öz gynanjyny bildirdi.
XS
SM
MD
LG