Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystanyň günortasy dartgynlaşýar


Synçynyň aýtmagyna görä, hakykatda öýi otlananlaryň 90% töweregi özbeklerden ybarat, emma muňa garamazdan, gyrgyz telekanallarynda özbekler bilen geçirilen interwýular görkezilmeýär.

Synçynyň aýtmagyna görä, hakykatda öýi otlananlaryň 90% töweregi özbeklerden ybarat, emma muňa garamazdan, gyrgyz telekanallarynda özbekler bilen geçirilen interwýular görkezilmeýär.

Gyrgyzystanyň Oş welaýatynda mundan birnäçe hepde öň oda berlen öýler täzeden gurlup, naharhanalar gaýtadan açylyp, köçeleri bolsa maşynlar gaýtadan dolduryp başlady.

Emma Oşuň töwereginde ýerleşýän obalarda tüssäniň ysyna, çaknyşyklarda ýarylan turbalardan akýan suwlara we öýleriniň deregine çadyrlarda ýaşaýan ilata gözüň ilýär.

Gyrgyzystanda iýun aýynda etniki özbekler bilen gyrgyzlaryň arasynda bolan çaknyşyklarda ýüzlerçe iş merkezleri we öýler weýran edilip, bu wakada 300 töweregi adamyň hem heläk bolanlygy aýdylýar.

Hökümet şol iki etniki toparlaryň arasynda gaýtadan ynam döretmek üçin elinden gelenini aýamajagyny aýdýar. Emma wakadan soň bir aý geçse-de, olaryň arasynda barlyşygyň döräp başlanlygyny aýtmak kyn.

Soňky döwürlerde adamlary alyp gaçmaklyk we biri-birini gynamak baradaky aýyplamalary göz öňünde tutsaň, onda günorta Gyrgyzystanda ýerleşýän bu iki toparyň gatnaşygynyň häzirki döwürde hasam erbetleşenligini aýtmak bolar.

Geçen aý bolan şol dartgynlykda ölenleriň köpüsi özbeklerden ybarat bolupdy. Olar howpsuzlyk güýçleri tarapyndan hüjüm edilenligini aýdyp, regiony terk edip, Özbegistana geçmäge mejbur bolandyklaryny belläpdiler.

Özbekleriň ýesirligi

Özbegistana geçen gyrgyzystanly özbekleriň sanynyň ýüz müňlerçedigi aýdylýar. Emma Gyrgyzystanyň döwlet tarapyndan eýeçilik edilýän mediasynda bu dartgynlygyň başlamagynda, umuman aýdylanda, özbekleriň günälidigini habar berilýär.

Bu ýagdaý dartgynlygyň dowam etmegine we ol hem öz nobatynda özbekleriň köçelere çykmakdan çekinmegine we olaryň öz ýaşaýan etraplarynda ýesirlik ýagdaýynda galmaklygyna sebäp bolýar.

Oşda iş alyp barýan we öz janyna howp abanmagyndan alada edip, adyny bermekden çekinen bir daşary ýurtly synçy telekanallarda görkezilýän interwýularda, umuman, özbekleriň ýokdugyny aýdýar: “Meniň bilen söhbetdeş bolan bir zenan telekanalda öz öýüni görüp, begenendigini, emma birsalym soň şol öýüň öňünde duran bir gyrgyz zenanynyň, öýüň özüniňkidigini aýdyp, onuň 40 töweregi özbek tarapyndan ýakylanlygyny aýdanlygyny görenligini belledi”.

Synçynyň aýtmagyna görä, hakykatda öýi otlananlaryň 90% töweregi özbeklerden ybarat, emma muňa garamazdan, gyrgyz telekanallarynda özbekler bilen geçirilen interwýular görkezilmeýär.

Regionda gurluşuk işleriniň belli bir derejede alnyp barylmagyna garamazdan, Oşda dartgynlylyk henizem dowam edýär. Gyrgyzystanyň howpsuzlyk güýçleri bolsa özbekleriň köpçülikde ýerleşýän etraplarynda wagtal-wagtal operasiýalary geçirýärler.

Ýerli ýaşaýjylar şol operasiýalarda ýaş-ýetginjekleriň polisiýa güýçleri tarapyndan ýenjilýänligini, käbir halatlarda olaryň saklanýanlygyny we olaryň boşadylmagyna derek, tussagyň maşgala agzalaryndan para talap edilýänligini aýdýarlar.

Milli howpsuzlyk gullugynyň etrapda ýerleşýän edarasyna ýitirim bolan garyndaşlary hakda maglumat sorap ýüz tutýan özbekleriň sany-sajagy ýok.

Biz bir zenanyň adamsyny gözläp, bäş günden bäri her gün şol edara barýanlygyna, bir garry gojanyň bolsa ýitirim bolan iki ogluny gözläp, bir çagany gujaklap otyran bir zenanyň-da adamysyna näme bolanlygyny bilmek üçin baranlygyna şaýat bolduk.

Gyrgyzlar özbekleri aýyplaýar

Welaýat boýunça ýerli administrasiýanyň edarasynyň ýakynynda jemlenişen gyrgyzlary-da görmek mümkin. Olar şol ýerde çadyr gurup, Oşda bolan dartgynlylykda ýitirim bolan garyndaşlarynyň suratlaryny sergi edip goýýarlar.

Şol çadyrlarda oturan adamlar öz garyndaşlarynyň özbekler tarapyndan zamunlykda saklanýanlygyny aýdýarlar we özbekleriň köpçülik bolup ýerleşýän etraplarynda howpsuzlyk güýçleri tarapyndan operasiýalaryň geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekýärler. Bu ýerde barlyşyk hakda gürrüň edilmeýär.

Oşuň merkezinde jemlenişip ýören bir topar gyrgyzystanly gyrgyz ýaşlaryna-da gözüň ilýär. Olar iýunda bolan wakalaryň başlanmagynda özbekleri aýyplap, hökümetiň bolsa şol hereketiň öňüni almakda ýeterlik rol oýnamanlygyny tekrarlaýarlar.

“Eger hökümet bu barada hiç zat etmese, ilat herekete geçer. Biz özümizi we öz ýerlerimizi gorarys” diýip, Gyrgyzystanyň raýaty aýtdy. Özbekleriň köpçülikleýin ýaşaýan etraplaryndaky Kerim atly bir oglan bolsa özbek ýaşlarynyň köpüsiniň Orsýete gidýänligini belledi.

Kerim atly şol ýetginjek ÝHHG-niň ýaragsyz topary awgust aýynda şol regiona barandan soň, olaryň etrabynda kanun düzgüniniň ýola goýulmaga ýardam etjekdigine özüniň ynanýanlygyny hem bildirdi.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň žurnalisti Brýus Panniýer maglumatlary Oşdan iberdi.
XS
SM
MD
LG