Sepleriň elýeterliligi

Deýwid Kameron Türkiýä resmi sapara bardy


Şu gün Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron özüniň bu wezipesinde Türkiýä ilkinji resmi sapara bardy.

Deýwid Kameron bilen birlikde Britaniýanyň goranmak ministri Wilýam Hag hem iki günlük resmi saparyň dowamynda Türkiýäniň ýokary derejeli resmileri bilen ikitaraplaýyn gepleşik geçirerler.

Premýer-ministr Deýwid Kameron Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýyp Erdogan bilen duşuşygynda käbir beýleki meseleler bilen birlikde, Türkiýäniň Ýewropa Bileleşigine agza bolmak ugrundaky tagallalary barada-da pikir alşar diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG