Sepleriň elýeterliligi

Germaniýada gaýdyp «Söýgi parady» geçirilmez


Germaniýada her ýyl tomus «Söýgi parady» ady bilen geçirilýän festiwaly gurnaýjylar 19 adamyň ölümine getiren bu ýylky festiwaldan soň, gaýdyp bular ýaly festiwalyň geçirilmejekdigini mälim etdiler.

Germaniýanyň resmileri ýurduň Duisberg şäherinde 24-nji iýulda tehno aýdym-saz festiwalynyň açylan güni 19 adamyň ölümine we ýüzlerçe adamyň ýaralanmagyna getiren basa-baslygyň ýüze çykmagynyň anyk sebäplerini anyklamak boýunça derňew işleriniň alnyp barylýandygyny aýtdylar.

Wakanyň käbir gözli şaýatlary adam pidalaryna getiren bu dyknyşygyň polisiýa işgärleriniň esasy geçelgäni baglamaklary netijesinde ýüze çykandygyny aýdýarlar.

Germaniýanyň habar serişdeleri şol gün «Söýgi parady» atly bu festiwala tomaşa etmek üçin ol ýere 1.5 million töweregi adamyň barandygyny habar berdiler.
XS
SM
MD
LG