Sepleriň elýeterliligi

ABŞ harby maglumatlarynyň aýan edilmegini ýazgarýar


Birleşen Ştatlaryň harby dokumentlerinden 90 müňden gowragynyň nusgasyny ele alan «WikiLeaks» atly internet saýty bu dokumentleriň Owganystanyň parahat ilatyna garşy uruş jenaýatçylyklarynyň edilendigine şaýatlyk edýändigini aýdýar.

«WikiLeaks» internet saýtyny esaslandyryjy Julian Assanj şu gün bu barada Londonda metbugat konferensiýasynda eden çykyşynda bu maglumatlaryň «The New York Times», «The Guardian» gazetlerine hem-de «Der Şpigel» žurnalyna berlendigini mälim etdi.

Julian Assanj ele salnan bu dokumentlerde Owganystanyň parahat ýaşaýjylarynyň ölümleri bilen bagly resmi hasabat berilmedik wakalar we Birleşen Ştatlaryň ýörite güýçleriniň amala aşyran käbir syrly operasiýalary barada köp faktlaryň bardygyny aýtdy.

Ol bu dokumentlerdäki faktlar esasynda höküm çykarmak meselesiniň indi suduň jogapkärçiligi bolup durýandygyny belledi.

Öz gezeginde NATO, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Britaniýa we Pakistan bu aýan edilen maglumatlaryň milli howpsuzlyga howp abandyrmagynyň mümkindigini öňe sürmek bilen, bu gizlin maglumatlaryň aýan edilmegini ýazgaryp çykyş etdiler.
XS
SM
MD
LG