Sepleriň elýeterliligi

ÝB Eýrana garşy täze sanksiýalary resmileşdirýär


Şu gün Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri Brýusselde Eýrana garşy täze sanksiýalary öz içine alýan dokumentler toplumyny kabul etdiler.

Bu kabul edilen dokumentler Eýranyň daşarky söwdasyny, bank işlerini we energiýa pudaklaryny nyşana alýar.

Ýewropa Bileleşiginiň resmileri bu sanksiýalary Eýranyň urany baýlaşdyrmak işleriniň öňüni almak üçin halkara jemgyýetçiliginiň äden nobatdaky bir ädimi hökmünde häsiýetlendirýärler.

Bu täze sanksiýalar ýakyň birnäçe hepdäniň dowamynda bu dokumentleriň Ýewropa Bileleşiginiň resmi metbugatynda çap edilmeginiň yzy bilen, güýje girer.
XS
SM
MD
LG