Sepleriň elýeterliligi

Eýran gepleşikler stoluna dolanyp barmaga taýýar


Kanada ÝB bilen bir hatarda Eýrana garşy täze sanksiýalary makullady. Mundan maksat özüniň ýadro programmasy boýunça Tähranyň halkara jemgyýetçiligi bilen hyzmatdaşlygyny gazanmakdyr.

Sanksiýalaryň göz öňünde tutýan çäreleri söwda, energetika, bank sektorlary bilen bagly. Kanadanyň daşary işler ministri Lourens Kennonyň sözlerine görä, mundan beýläk Eýranyň nebit-gaz çykarýan hem ony gaýtadan işleýän kärhanalaryna täze inwestisiýalar gadagan.

Eýran özüniň ýadro reaktory üçin ýangyç çalyşmak boýunça halkara gepleşikler stoluna dolanmaga taýýardygyny aýtdy.

Atom energiýasy boýunça halkara agentlikdäki Eýranyň wekili Aly Asgar Soltaniýäniň beýannamasy düýn ÝB Eýrana garşy täze sanksiýalary resmi tassyklan badyna peýda boldy.

Sanksiýalar Eýranyň ýadro programmasy bilen baglanyşykly adamlara we guramalara ençeme maliýe-ykdysady çäklendirmeleri göz öňünde tutýar.

Ýewropa Geňeşiniň halkara işleri boýunça sekretary Katrin Aşton Soltaniýäniň beýannamasyny gutlady hem Eýranyň inisiatiwasy çuňdan öwrenilenden soň, gutarnykly netije çykaryljakdygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG