Sepleriň elýeterliligi

Serb parlamenti hökümetiň teklibini makullady


Serbiýanyň parlamenti 12 sagatlyk çekişmelerden soň Kosowanyň statusy meselesine BMG-niň Baş assambleýasynda täzeden seredilmegini gazanmak barada hökümetiň eden teklibini makullady.

2008-nji ýylda Kosowanyň özüni garaşsyz yglan etmegi halkara hukuk normalaryna ters gelmeýär diýip, Gaagda Halkara suduň geçen hepde çykaran karary bilen bagly Serbiýanyň parlamenti düýn adatdan daşary maslahatyny çagyrdy.

Belgrad suduň kararyna närazylyk bildirdi hem Serbiýanyň territorial bitewiligini saklamak üçin syýasy ýollar bilen göreşi dowam etdirjekdigini nygtady.

Serb häkimiýetleri Kosowa boýunça mundan beýläk gepleşikleriň zerurdygy baradaky rezolýusiýanyň proýektini BMG-e gowşurmakçy.
XS
SM
MD
LG