Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede polisiýa maşyny oka tutuldy


Türkiýäniň günortasynda polisiýa maşyny oka tutulyp, bärsinden üç kanun goraýjy organyň işgäri öldürildi.

Türkiýäniň habar serişdeleriniň maglumatyna görä, hüjüm Hataý welaýatynda bolupdyr. Ýöne onuň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç kim öz üstüne almady.

Bu jenaýaty edenleriň kürt separatistleridigine ynanýan ýerli ýaşaýjylaryň bir topary Dörtýol şäherindäki kürtlere tarapdar syýasy partiýanyň jaýynyň öňüne ýygnandylar.

Bidüzgünçiligiň öňüni almak hem topary dargatmak üçin polisiýa asmana ok atmaly boldy.

Soňky birnäçe hepdede kürt söweşijileriniň gatnaşmagynda ýaragly hüjümleriň edilendigi ençeme gezek habar berildi.
XS
SM
MD
LG