Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrakda bolan partlamada 20 töweregi adam öldi


Yrakda içi bombaly iki maşynyň partlamagy netijesinde 20 töweregi adam hedäk boldy, onlarçasy ýaralandy.

Terroristik aktlar düýn Kerbelanyň golaýynda boldy. Bombalar beýleki bir şaýylaryň mukaddes şäheri Najafa barýan ýolda partlady.

Şu hepde dini çärelere gatnaşmak üçin Kerbela hem Najaf şäherlerine ýüzlerçe müň şaýy zaýaratçysy ýygnanar diýlip, çak edilýär.

Düýn ýene bir terakt Bagdatda boldy. Janyndan geçen hüjümçi Al-Arabiýa telekanalynyň jaýynyň öňünde özüni partlatdy. Dört adam heläk boldy.

Bu işde “Al-Kaýdanyň” söweşijileriniň eliniň bardygyny derňew aradan aýyrmaýar.
XS
SM
MD
LG