Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda regionlary ösdürmek boýunça maslahat geçirildi


Türkmenistanyň prezidentiniň tabşyrygy bilen düýn geçirilen ýörite maslahatda 2010-njy ýylda ýurduň regionlarynyň sosial-ykdysady ösüşiniň aktual meselelerine seredildi diýip, türkmen metbugaty ýazýar.

Welaýatlaryň, ministrlikleriň we beýleki döwlet edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçen maslahatyň gün tertibinde obalaryň, posýoloklaryň, etrap şäherleriniň we etrap merkezleriniň ilatynyň sosial-durmuş şertlerini özgertmek programmasynyň ýerine ýetirilişi ýaly meseleler bar.

Maglumatda bellenişine görä, ipoteka kreditini berip, ýeňillikli şertlerde ýaşaýyş jaýlaryny gurmak meselesine aýratyn seredilipdir.
XS
SM
MD
LG