Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda 50 töweregi parahat ýaşaýjy öldi


Duşenbe güni Owganystanyň günortasynda, Helmend welaýatyndaky obalaryň biriniň raketa okuna tutulmagy netijesinde parahat ýaşaýjylardan 50 töwereginiň ölendigini owgan resmileri habar berdi.

Bu zarbany Talyplar bilen harby çaknyşyklaryň gidişinde halkara koalision güýçleriň uran bolmagy mümkin. Derňew dowam edýär.

Germaniýanyň goranmak ministri Karl-Teodor Guttenberg Owganystandaky operasiýalar beýan edilende, maglumat açyklygynyň zerurdygyny aýtdy.

Bu beýannama “Wikileaks” internet-saýtynda Talyplara garşy operasiýalar we NATO güýçleriniň hereketleriniň gidişinde parahat owganlaryň ölüm halatlary barada 90 müň gowrak dokument çap edilenden soň peýda boldy.
XS
SM
MD
LG