Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan urşunyň syrlary metbugata syzdy


Günbataryň Owganystandaky harby işleriniň şowsuzlyklary barada “Wikileaks” internet saýtynda maglumatlaryň çap edilmegi ABŞ-nyň harby taryhynda gizlin maglumatlaryň iň uly ýaýramasy boldy.

ABŞ we onuň ýaranlary Owganystandaky urşuň şowsuzlyklary barada ýaýran maglumatlara garşy durmak boýunça tagallalaryny dowam etdirýärler.

Habar serişdelerinde peýda bolan maglumatlarda Owganystanda parahat ilatyň arasyndaky adam pidalary, talyplaryň täze hüjümleri hem-de gozgalaňçylara Pakistanyň razwedka resmileri tarapyndan ýardam berilýänligi barada aýdyldy.

“Wikileaks” internet saýty tarapyndan ýaýradylan owgan urşuna degişli 92 müň gizlin maglumat “New York Times”, “The Guardian” we “Der Spiegel” Günbatar neşirleri tarapyndan çap edildi.

Şol maglumatlarda öň resmi derejede yglan edilmedik wakalarda Owganystandaky halkara koalisiýa güýçleri tarapyndan ýüzlerçe bigünä adamlaryň öldürilenligi habar berildi. Talyp liderlerini gözlemek we sudsuz öldürmek boýunça gizlin ýörite güýçleriň hereket edýänligi hem aýdyldy.

Barak Obamanyň dikeldiş strategiýasynyň şowsuzlyga uçramagy bilen bagly howatyrlanmalary güýçlendirýän maglumatlarda talyplaryň ýollary bombalaýyş çärelerini güýçlendirenligi aýdylýar we talyplaryň ýer-howa kysymly raketalara eýe bolanlygy barada çaklamalar öňe sürülýär.

Ynjyk maglumatlar


Waşingtonyň we Yslamabadyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýene dartgynlaşmagyna esas döredip biljek maglumatlar hem öňe sürlüp, Pakistanyň rezwedka agentliginiň talyplara gizlin ýardam berýänligi aýdylýar.

Şeýle ýardamyň öz janyna kast edýän hüjümçileri türgenleşdirmek, Owganystana raketalary aşyrmak, prezident Hamid Karzaýyň janyna kast edişligi taýýarlamak we günbatar goşunlary üçin ýurda getirilýän käbir içgileri zäherlemek ýaly ençeme meselelere degişlidigi bellenilýär.

Talyp gozgalaňçylaryny, “Al Kaýda” bilen bagly owgan harbylaryny we öz janyna kast edýän hüjümçileri ýaragdyr pul bilen üpjün etmekde, olary türgenleşdirmekde Eýranyň eliniň-de barlygy hem habar berilýär.

Emma Eýran owgan hökümetine garşy göreşýän talyplara we “Al-Kaýda” ýardam bermekde öz adyna ýöňkelýän aýyplamalary ençeme sapar ret edipdi.

2004-nji ýyldan bäri

“Guardian” gazeti bilen söhbetdeş bolan “Wikileaks” internet saýtynyň esaslandyryjysy Julian Assanj çap edilen gizlin dokumentleriň 2004-nji ýyldan bäri dowam edýän owgan urşunyň hakyky durkuny paş edýänligini aýtdy.

Julian Assanj Owganystanda adamlaryň sudsuz jezalandyrylýanlygyny bellemek bilen, paş edilen maglumatlarda uruş jenaýatçylyklarynyň ençemesiniň subut edilýänligine ünsi çekdi.

Maglumatlaryň paş edilmegini Ak Tam “jogapkärçiliksiz” diýip atlandyrdy we maglumatlarda agzalýan döwrüň 2004-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap, 2009-njy ýylyň dekabr aýyna çenli, ýagny prezident Barak Obamanyň administrasiýasynyň häkimiýet başyna gelmeginden ozalky döwre degişlidigini belledi.

Barak Obamanyň milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisi Jim Jones maglumatlaryň paş edilmeginiň ABŞ-nyň Owganystan we Pakistan bilen gatnaşyklaryna täsir ýetirmejekdigini yglan etdi.
XS
SM
MD
LG