Sepleriň elýeterliligi

“Türkmen studentlerine hemme şerti dörederin”


Oşdaky studentler, 7-nji sentýabr, 2009-njy ýyl.

Oşdaky studentler, 7-nji sentýabr, 2009-njy ýyl.

Gyrgyzystanyň Oş şäherindäki Tehnologiýa boýunça uniwersitetiň rektory, professor Abduwali Toktomatow bilen söhbetdeşlik.

Azatlyk Radiosy: Siziň ýolbaşçylyk edýän uniwersitetiňizde tomus kanikulyna, has dogrusy, Oş wakalaryna, etniki çaknyşyklara çenli Türkmenistandan näçeräk student okaýardy?

A.Toktomatow:
Oş tehnologik uniwersitetinde Türkmenistandan 300 gowrak student dürli hünärler boýunça okaýardy. Olar iýun aýyndaky wakalar sebäpli öýlerine gitdiler.

Azatlyk Radiosy: Häzir Oşda ýagdaý nähili? Türkmenistanly studentleriň okamagy üçin şertler, mümkinçilikler barmy?

A.Toktomatow: Ýagdaý kadalaşýar, eýýäm kadaly. Olaryň okuwyny dowam etdirmegi üçin biz ähli mümkinçilikleri dörederis. Eger olar Oşa gaýdyp gelseler, olar üçin hiç hili howp ýok. Olaryň aladasy okuw jaýy tarapyndanam, ýerli häkimiýetler tarapyndanam edilýär.

Eger olar gaýdyp gelseler, hemme şerti dörederin. Umumy ýaşaýyş jaýda aýratyn bir girelgäni bereris. Elbet-de olar islese. Olar hemişe administrasiýanyň, mugallymlaryň, uniwersitetiň işgärleriniň gözegçiliginde bolarlar. Türkmenistanly studentleriň üstüne hiç hili etniki howp abananok.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistandan gowuşýan maglumatlara görä, sizde okap gaýdan studentleriň käbiri okuwyny Belarus, Ukraina ýaly ýurtlarda dowam etdirmek isleýär. Olaryň dokumentleri sizde. Poçta üsti bilen ýa başga bir ýol bilen şol studentler dokumentlerini alyp bilerlermi?

A.Toktomatow: Elbetde, biziň okuw jaýymyz GDA ýurtlarynda dowam edýän düzgünler esasynda işleýär. Eger dokument sorap ýüz tutsalar, biz dokumentleri haýsy ýokary okuw jaýy sorasa, şol ýere ugratmaga borçly.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen aragatnyşygyňyz barmy?

A.Toktomatow: Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen aragatnaşygymyz ýok.

Azatlyk Radiosy: Siz studentleriňiziň Türkmenistandan Oşa gaýdyp geljegine optimistik garýarsyňyz-da?

A.Toktomatow: Hawa, men optimistik garaýaryn. Sebäbi olar bu ýere öwrenişdiler, ençeme ýylyň dowamynda okadylar. Mende bar maglumata görä, şu ýyl okuwa girmäge geljeklerem bar. Ýöne bu ýyl öňki ýyllardaky ýaly köp gelmezlikleri mümkin. Ýöne gelerler diýip, pikir edýärin.
XS
SM
MD
LG