Sepleriň elýeterliligi

Gahrymanyň pensiýa ugradylmagynyň sebäbi näme?


Türkmenistanyň Gahrymany Myratberdi Sopyýew

Türkmenistanyň Gahrymany Myratberdi Sopyýew

Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabynyň Myratberdi Sopyýew adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygy, Türkmenistanyň Gahrymany Myratberdi Sopyýew pensiýa ugradyldy.

Hepdäniň duşenbe güni M.Sopyýew, köp ýyllap ýolbaşçylyk eden oba hojalyk paýdarlar jemgyýetinde Akbugdaý etrabynyň häkimliginiň ýolbaşçylarynyň we öňdebaryjy kärendeçileriň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda dabaraly ýagdaýda hormatly dynç alşa ugradyldy.

80 ýaşynyň arka atan gojanyň pensiýa çykmagy bir tarapdan pensiýa ýaşy 60 ýaş bolan ýurtda adaty bir ýagdaý bolsa-da, başga bir tarapdan Garaşsyzlyk ýyllarynyň başyndan bäri Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynyň iň tanymal işgäriniň, ýurduň ýer önümçilikdäki üstünlikleriniň subutnamasy we göreldesi hökmünde häkimiýetler tarapyndan öňe sürlen şahsyň pensiýa çykmagy, onuň ýurduň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyndan çetleşdirilmegi hökmünde kabul edildi.

Türkmenistanyň parlamentiniň öňki deputaty Halmyrat Söýünowyň bellemegine görä, M.Sopyýew ýurduň diňe bir pensioner raýaty bolman, onuň ady ýigrimi ýyldan bäri Türkmenistanda ýöredilýän syýasat bilen bagly.

Sebäp nämede?

Türkmenistanyň Gahrymany we ýurduň öňdebaryjy hojalygynyň ýolbaşçysy M.Sopyýewiň pensiýa çykmagynyň sebäpleri barada resmi maglumatlarda Türkmenistanyň Gahrymanynyň öz islegi boýunça hormatly dynç alşa goýbermegini haýyş edip, ýurduň prezidentine hat bilen ýüz tutanlygy aýdyldy.

Pensiýa çykmagy bilen baglylykda milli telewideniýede görkezilen çykyşynda M.Sopyýew prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa minnetdarlyk bildirdi.

M.Sopyýewiň pensiýa ugradylmagy mynasybetli onuň adyny göterýän paýdarlar jemgyýetinde maslahat geçirildi. Şol maslahatda Sopyýewe ýurduň agrosenagat pudagyna goşan uly goşandy we oba hojalyk önümçiligine ylmyň we tehnikanyň üstünliklerini ornaşdyrmakda bitiren hyzmaty üçin minnetdarlyk bildirilip, Türkmenistanyň prezidentiniň adyndan ýadygärlik sowgady gowşuryldy.

Sopyýewiň pensiýa çykmagy munuň sebäpleri barada dürli çaklamalary döretdi. Türkmenistanly ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň sözlerine görä, işden öňürti häkimiýetleri wasp etmek bilen meşgullanýan adamlar bilen ykdysadyýeti we oba hojalygyny dolandyryp bolmajagyna türkmen ýolbaşçylarynyň göz ýetirenligi baradaky çaklamalar il içinde ýörgünli.

Ýarym asyrlyk zähmet

M.Sopyýew öz adyndaky paýdarlar jemgyýetine 50 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda ýolbaşçylyk etdi, öň Gäwers raýonynyň “Türkmenistan” kolhozy adyny göteren bu hojalyga Myratberdi Sopyýewiň adyny Saparmyrat Nyýazow dakypdy.

M.Sopyýew bilen ýurduň häzirki prezidenti G.Berdimuhamedowyň hem ençeme sapar duşuşyp, oba hojalyk işlerini we daýhanlaryň zerurlyklaryny hem isleglerini maslahat edenligi resmi maglumatlarda bellendi.

M.Sopyýewiň pensiýa çykarylmagynyň sebäbini H.Söýünow oba hojalyk edermeniniň ideologiýa taýdan edip gelen hyzmatynyň täze häkimiýete indi gerek däldiginde görýär.

H.Söýünowyň pikirine görä, M.Sopyýewiň pensiýa çykarylmagy onuň hyzmat edip gelen syýasy ideologiýasynyň tebigy netijesi: “Islendik adam döwlete, kanuna we millete däl-de, bir şahsyýete hyzmat edende, ahyrky netijede şol adamyň adalatly ýagdaýda işinden boşadylyp, wezipesinden çekilmeýänligini 20 ýylyň dowamynda görüp gelýäris”.

Neşe söwdasy bilen baglanyşyk

Myratberdi Sopyýewiň pensiýa ugradylmagynyň ýakynda Türkmenistanda uly mukdarda neşe maddalarynyň ele salynmagy boýunça waka bilen baglanyşygy baradaky çaklamalar hem öňe sürülýär.

230 kilodan gowrak neşe bilen tutulanlaryň milli telewideniýede eden çykyşlary, tutulan dokuz adamdan altysynyň Gämi obasyndandygyny görkezdi. Ele düşen neşe söwdagärleriniň bäş ýyldan gowrak wagt bäri Gämi obasynda uly möçberde neşe söwdasyny erkin alyp baranlygyny ýerli ýaşaýjylar aýdýarlar.

Gämi obasynyň neşekeşleriň hem-de neşe söwdasyny edýänleriň sanawynda diňe bir Akbugdaý etrabynda däl-de, eýse tutuş Ahal welaýatynda birinji orny eýeleýänligi barada hem käbir maglumatlarda aýdylýar.

A.Bugaýewiň sözlerine görä, neşe söwdasyna M.Sopyýewiň maşgala agzalarynyň hem gatnaşygynyň barlygy hakda gürrüňler soňky 8-10 ýyl bäri dowam edip gelýär. Il içinde şeýle çaklamalaryň M.Sopyýewe Gahryman ady berlen döwründe onuň gyzynyň tirýek söwdasy bilen bagly Eýranda türmede oturanlygy baradaky gürrüňlerden başlanyp, şu güne çenli dowam edýär.

Türkmenistanyň Gahrymanlary

M.Sopyýew Türkmenistanyň Gahrymany adyny göterýän aýatda diri üç adamyň biri. Sopyýewden başga bu ady Sadulla Rozmetow hem-de Maýa Kulyýewa göterýärler.

Öz wagtynda Türkmenistanyň gahrymany adyna Saparmyrat Nyýazowyň özünden başga ýene Sapyş Çerkezow, Saparmuhammet Weliýew hem-de Gedaý Ahmedow eýe bolupdy.

Sapyş Çerkezow özüne berlen bu atdan sähel wagt geçenden soň, aradan çykdy. Ýurduň ozlaky nebit-gaz ministri Saparmuhammet Weliýew korrupsiýada aýyplanyp, Gahryman adyndan mahrum edildi we türmä basyldy.

Lebap welaýatynyň öňki häkimi Gedaý Ahmedow bolsa eýeleýän wezipesinden boşadylyp, Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabyna häkim bellenipdi, emma ol şondan köp wagt geçmänkä türmä basylypdy.
XS
SM
MD
LG