Sepleriň elýeterliligi

logo-print

ABŞ-nyň harby syrlarynyň ýaýradylmagyna reaksiýalar


«WikiLeaks» internet saýtyny esaslandyryjy Julian Assanj Londondaky metbugat konferensiýasynda, 26-njy iýul

«WikiLeaks» internet saýtyny esaslandyryjy Julian Assanj Londondaky metbugat konferensiýasynda, 26-njy iýul

Birleşen Ştatlaryň harby dokumentlerinden 90 müňden gowragynyň nusgasyny ele salan «WikiLeaks» internet saýtynyň resmileri şu hepde bu dokumentleriň Owganystanyň parahat ilatyna garşy uruş jenaýatçylyklarynyň edilendigine şaýatlyk edýändigini aýdyp, çykyş etdiler.

«WikiLeaks» internet saýtyny esaslandyryjy Julian Assanj düýn bu barada Londonda metbugat konferensiýasynda eden çykyşynda bu ele salnan dokumentlerde Owganystanyň parahat ýaşaýjylarynyň ölümleri bilen bagly resmi hasabat berilmedik wakalar, Birleşen Ştatlaryň ýörite güýçleriniň amala aşyran käbir syrly operasiýalary we Pakistanyň gizlin gulluklarynyň talyp söweşijileri bilen hyzmatdaşlyklary barada köp faktlaryň bardygyny aýtdy.

Ýazgaryp çykyş etdiler

Öz gezeginde NATO, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Britaniýa we Pakistan bu aýan edilen maglumatlaryň milli howpsuzlyga howp abandyrmagynyň mümkindigini öňe sürmek bilen, bu gizlin maglumatlaryň aýan edilmegini ýazgaryp çykyş etdiler.

Birleşen Ştatlaryň prezident administrasiýasynyň metbugat sekretary Robert Gibbs düýn bu barada žurnalistleriň soraglaryna jogap berip eden çykyşynda, bu 90 müňden gowrak gizlin dokumentiň keseki adamlara berilmegini kanuna garşy bir waka hökmünde häsiýetlendirip, olaryň internet saýtlarynda ýaýradylmagyny «alada dörediji ýagdaý» diýip atlandyrdy.

Birleşen Ştatlaryň uruş kampaniýalarynyň näderejede oňyn netije berýändigi barada jemgyýetde kem-kem güýçlenýän ynamsyzlygyň fonunda bu täze peýda bolan maglumatlar bu babatdaky ynamsyzlygy has-da artdyryp başlana meňzeýär.

Okyjylaryň reaksiýasy

Emma, beýleki tarapdan, käbir okyjylar bu soňky dokumentleriň özleri üçin üýtgeşik bir täzelik getirmändigini aýdýarlar. «The New York Times» gazetiniň internet saýtynda seslenme ýazan okyjylardan biri: «Meniň üçin-ä bu ýerde täzelik ýok. Eger siz mundan öň internet bloglarynda şu wakalar barada ýaýradylan maglumatlary yzarlap gelen bolsaňyz, siz bu urşuň ýeňiş gazanyljak uruş däldigine birnäçe ýyl mundan ozal düşünerdiňiz» diýip, öz garaýşyny beýan edipdir.

«Washington Post» gazetine seslenme ýazan okyjylardan biri bolsa, bu täze aýan edilen maglumatlaryň Birleşen Ştatlaryň Owganystandaky okkupasiýa arkaly ýersiz-ýere birgiden adam janyny, salgyt töleýjileriň dollarlaryny we jemgyýetiň moral gymmatlyklaryny pida edýändigini ýene-de bir gezek subut edýändigini ýazypdyr.

Beýgelýän sesler

Elbetde, bu harby dokumentleriň ýaýradylmagyna garşy çykyş edýänler, muny tankytlaýanlar we «WikiLeaks» internet saýtynyň ýolbaşçysy Julian Assanjy «dönük» diýip atlandyrýanlar-da ýok däl.

Mysal uçin, bu wakanyň yzy bilen «Facebook» saýtynda «WikiLeaks-i öçür» ady bilen sahypa döreden we özüni Birleşen Ştatlaryň harby-howa güýçleriniň ofiseri diýip tanadýan bir awtor «'WikiLeaks’-iň resmileri söz azatlygyny wagyz edýärler, emma, beýleki tarapdan, olar bu ugurda göreşýän adamlaryň janyny howp astyna salýarlar» diýip ýazypdyr.

Emma, beýle seslenmelere garamazdan, Owganystandaky uruş operasiýalary barada peýda bolan bu soňky maglumatlaryň yzy bilen «Facebook» internet saýtynda «WikiLeaks» saýtyny goldaýjylaryň sany ur-tut artyp, häzirki wagt ol 60 müňe golaýlady.

Bu soňky wakalara ilkinjileriň biri bolup seslenen ýokary derejeli amerikan resmilerinden biri, Birleşen Ştatlaryň Senatynyň Daşary gatnaşyklar boýunça Komitetiniň başlygy Jon Kerri «Bu dokumentleriň bikanun ýollar bilen keseki adamlaryň eline düşendigine garamazdan, ol dokumentler Birleşen Ştatlaryň Pakistan we Owganystan baradaky syýasatynyň reallyklary dogrusynda çynlakaý sowallary orta atýar. Bu ugurdaky syýasatlar häzirki wagt aýgytly döwri başdan geçirýär. Bu soňky dokumentleriň biziň öňümizde duran synaglary nygtap görkezýän bolmagy hem-de öz syýasatymyzy dogry-düzüw ýola goýmagymyz üçin zerur bolan ýoly salgy bermegi mümkin» diýip, belledi.
XS
SM
MD
LG