Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiçi we orta biznes näme üçin haýal ösýär?


Karikaturany çeken Mihail Zlatkowski
Karikaturany çeken Mihail Zlatkowski
Gurbanguly Berdimuhamedow häkimiýet başyna gelensoň, türkmen halkynyň durmuşynda birnäçe özgerişler bolup geçdi. Emma, muňa garamazdan, adam hukuklaryny goraýan halkara hem jemgyýetçilik guramalary Türkmenistana, edil Nyýazow döwründäki ýaly, adam hukuklaryny basgylaýan, totalitar režimli döwlet diýip, baha berýärler.

Totalitar döwlet haýsy alamatlar bilen tapawutlanýar?

Elbetde, onuň alamaty köp. Bir alamaty kanunlaryň işlemezligi, ähli meseläniň bir adamdan çözülmegi. Mysal üçin, Türkmenistanda hatda ýokary wezipeli adamlaryň daşary ýurtlara iş saparyna gitmegi-de prezidentiň gol çekip çykaran permany esasynda çözülýär.

Döwletde harby we kanun goraýjy güýçleriň agalyk etmegi, demokratiýa, adam hukuklary, graždan jemgyýeti ýaly düşünjeleriň düýbünden äsgerilmezligi totalitarizmiň ýene-de bir belli alamatydyr.

Totalitar döwletde harby, güýç ulanyjy, kanun goraýjy organlardan başga-da gözegçiligi ýerine ýetirýän köp sanly beýleki döwlet gulluklary, barlagçy, jerime salýan edaralar bolýar we olar iş ýüzünde her bir ýönekeý raýatyň ýagysyna öwrülýärler.

Gözegçilik, kontrol-barlag geçirmek boýunça ygtyýarlyk berlen gulluklar, olaryň şahsy düzümindäki işgärler köp halatlarda özlerine berlen hukukdyr ýagtyýarlyklary döwletiň bähbidine däl-de, hut öz hususy peýdasyna ulanýar.

Şeýlelikde, dünýäniň «men» diýen gurply dowletlerini yrandyryp bilýän korrupsiýa totalitar döwletde köküni çuňdan urmaga gowy mümkinçilik alýar. Ahyrynda döwletiň çüýremegine, dargamagyna getirip bilýän bela giňden ýaýrap başlaýar.

Gassaby köp bolsa…

Korrupsiýa ýa-da, turkmençe aýdylanda, döwlet derejesindäki ösen parahorluk, öz gezeginde ýurduň ykdysady taýdan ösmegine mümkinçilik bermeýär, ýöne ol çinownikleri baýlaşdyrýar. Munda ýönekeý, pukara adamlar barha garyplaşmak bilen.

«Gassaby köp bolsa – toklusy harama çykar» diýip, türkmenler, megerem, ýöne ýere aýdan däldirler. Türkmenistandaky häzirki ýagdaýy göz öňünde tutsak, onda “gassap” – ýokary derejeli döwlet çinowniklerinden başlap, köp sanly kanun goraýjy edaralaryň işgärleri, gözegçi-kontrolçylar we başgalar bolar duruberer.

Soňky ýyllarda olaryň sany gaty köpeldi, gidigiçe-de köpelmek bilen. Eger şol artyş şu gidişine dowam etse, ýakyn ýyllarda Türkmenistanda on sany uly ýaşly raýata bir sany döwlet gözegçisi düşer. Olaryň sanynyň artmagy işewür adamlaryň, telekeçileriň arasynda has hem güýçli nägilelik döredýär.

“Barlagçylaryň birini sag-aman ugratdym diýseň, şol gün ikinjisi peýda bolýar, «o zadyň bolanok, bu zadyň kem» diýip, yrsarap başlaýar. Onsoň ol geleniňem göwnüni tapmaly. Göwnüni tapmasaň – seni işletmezler» - diýip, bir daşoguzly telekeçi biz bilen ikiçäk gürrüňde zeýrendi.

Barlagçylar, gözegçiler, inspektorlar…

Türkmenistandaky telekeçileriň güni, dogrudanam, gün däl. Olaryň biznesi, hususy kärhanasy hemişe diýen ýaly ygtyýarly köp sanly döwlet edaralarynyň galtamançylykly hüjümlerine sezewar bolýar. Eger-de sen haýsy-da bolsa bir kiçi kärhana açaýsaň, işiňem rowaç alyp ugrasa, aýtmaklaryna görä, seniň üstüň barlagçydan, gözegçiden dolýar.

Salgyt gullugynyň işgärleri geler «kassa apparatyň ýok» diýip, müň bahana tapar. Ýokanç keselleriň garşysyna göreşýän gullugyň wekilleri «o ýeriň hapa, bu ýeriň tozan» diýip başlarlar. Ýangyn howpsuzlyk gullugy-da öz wekilini iberer. Polisiýanyň uçastok inspektory-da «öz gözegçilik edýän territoriýamdaky bolýan zatlardan habarly bolmalydyryn» diýen bahana bilen telekeçiniň alýanja girdejisine şärik bolar.

Kiçi we orta biznes bilen meşgullanýanlaryň ýagysyny sanasaň sanap oturmaly. Gosstandart diýlen edara-da telekeçini ütüp bilse ütjek. Iş bar ýerde, önüm öndürilýän ýerde elektrik togy ulanylýar, diýmek, «Energogözegçilik» gullugyndanam hökman kimdir biri papkasyny goltuklap geler.

Her gelen gözegçini mähirli garşylamaly, olara gymmatly wagtyňy sarp etmeli, ugradaňda çykarýan önümiňden onuň «paýyny» goltugyna gysdyrmaly ýa-da kisesine pul dykmaly.

Nädip össün?

Pul bermeseň, gelen barlagçy şol yrsarar durar, azar baryny berer. Barlagçynyň «göwnüni tapmasaň», barlagyň netijesi uly möçberdäki jerime ýa-da kärhanaňy ýapmak ýaly çärelere baryp ýeter. Ana, onsoň hemmeler, hat-da prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň özi-de ýurtda kiçi we orta biznesiň ösmeýändigine haýran galýarlar.

Baryndanam beteri hökümet başynda oturanlaram, döwlete degişli gözegçilik edýän edaralaryň başlyklaram kiçi biznesiň ýurtda bogulýanyndan habarly, ýöne olaryň barysy bogujylaryň arasynda özleriniň-de barlygyny bilmedik bolýarlar.

Soňky wagtlar kiçi we orta biznese şärikleriň sany ýene-de köpeldi diýlen maglumatlar peýda boldy. Aýtmaklaryna görä, indi kiçi we orta biznese Milli howpsuzlyk ministrligiň ýerlerdäki işgärleri, käbir nebsewür prokuratura işgärleri, ýerli häkimlikleriň ýolbaşçylary hem goşulýarlar.

Kanunyň ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmäge borçly we adam hukuklarynyň goragynda durmaly prokurorlar, wezipeli döwlet emeldarlary milli howpsuzlygy üpjün etmeli adamlar, ýerli ilat hakynda hakyky alada etmeli häkimiýet çinownikleri alýan aýlyklarynyň daşyndan kiçi we orta biznes bilen meşgullanýanlaryň hasabyna özlerine goşmaça gazanç çeşmesini açmak isleseler, onda telekeçilik Türkmenistanda nädip össün?

Şatlyk Öwezow türkmenistanly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG