Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BP-niň ýolbaşçysy wezipesinden çekiler


British Petroleum kompaniýasynyň ýolbaşçysy Toni Heýword 1-nji oktýabrdan başlap wezipesinden çekiler diýlip, bu kompaniýanyň ýaýradan resmi beýanatynda aýdylýar.

Toni Heýwordyň ýerine Robet Dadliniň geçjekdigi habar berilýär.

Häzir Robert Dadli iň uly ekologik betbagtçylyga sebäp bolan Meksikan aýlagyndaky nebit skwažinasynyň partlamagy netijesinde deňze guýlan nebiti arassalamak boýunça işlere ýolbaşçylyk edýär.

Bu betbagtçylyk bilen bagly suda beriljek şikaýatlary kanagatlandyrmak üçin BP kompaniýasynyň 32 milliard dollara barabar serişde goýberendigi aýdylýar.

Şu gün tebigaty goramak boýunça “Greenpeace” hereketiniň wekilleri protest aksiýalaryny geçirip, Londonda BP kompaniýasyna degişli 50 ýangyç stansiýasynyň birnäçesiniň işine päsgelçilik döretdiler.

Bu protestler BP kompaniýasynyň işi boýunça ýylyň ikinji çärýeginiň netijeleriniň aýan edilmegine gabatlanyp geçirildi.

Şol netijeler kompaniýanyň 17 milliard dollara barabar çykdajy edendigini görkezdi.
XS
SM
MD
LG