Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz ykdysadyýetine 1 mlrd dollarlyk serişde gerek


Şu gün 27-nji iýulda Bişkekde Gyrgyzystana adatdan daşary kömek bermek meseleleri boýunça geçirilýän konferensiýada ýurduň maliýe ministri Çorobek Omaşew çykyş edip, gyrgyz ykdysadyýetini dikeltmek üçin bir millard dollardan gowrak serişdäniň zerur boljakdygyny aýtdy.

Bütindünýä bankynyň resmisi Teodor Ahlers donorlaryň 2010-njy ýylyň galan aýlary üçin 600 million dollary bermäge taýýardyklaryny mälim etdi. Şeýle hem halkara donor ýurtlaryň 30 aýyň dowamynda Gyrgyzystana 1 milliard 100 million dollar berjekdigi habar berilýär.

Resmileriň beren maglumatlarynda bu konferensiýany BMG-niň we Bütindünýä bankynyň goldawy bilen gyrgyz häkimiýetleriniň gurnandygy aýdylýar.

Şu ýylyň ýazynda we tomsunda ganly wakalary başdan geçiren Gyrgyzystan ösüş hem dikeldiş işlerine zerur bolan maliýe kömegini sorap donor ýurtlara we maliýe institutlaryna ýüz tutdy.
XS
SM
MD
LG