Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kameron: Türkiýäniň ÝB-e alynmazlygy adalatsyzlyk


Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron Türkiýä saparyny dowam edýär.

Deýwid Kameron bilen Britaniýanyň goranmak ministri Wilýam Hag iki günlük saparyň dowamynda Türkiýäniň ýokary derejeli resmileri bilen ikitaraplaýyn gepleşikler geçirýärler.

London Türkiýäniň Ýewropa Bileleşigine agza bolmak ugrundaky tagallalaryny goldaýar.

27-nji iýulda Ankarada türk telekeçileriniň öňünde eden çykyşynda Deýwid Kameron şeýle diýdi: “Gepleşiklerimiziň netijesinde erkin telekeçilik, NATO we goranmak meseleleri boýunça bir pikirdedigimiz belli boldy. Iki tarap hem Türkiýäniň Ýewropa Bileleşiginiň doly agzasy bolmagyny isleýär. Biz Türkiýäniň bu Bileleşige howandarlyk etmeginiň soralyp, özüniň bolsa oňa alynmaýandygynyň adalatsyzlykdygy bilen ylalaşýarys”.

Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameronyň Türkiýeden soň Hindistanda sapar etjekdigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG