Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: ÝB-niň Eýrana garşy sanksiýalary kabul ederliksiz


Orsýet Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri tarapyndan Eýrana garşy kabul edilen täze sanksiýalaryň kabul ederlikli däldigini aýdýar.

Orsýetiň DIM-niň wekili Andreý Nesterenko şu gün bu mesele bilen bagly çykyş edip, ABŞ-nyň we ÝB-iň öz kanunlaryny beýleki ýurtlara ýaýratmaga synanşyp, şol ýurtlaryň kompaniýalaryna we raýatlaryna garşy dürli sanksiýalary ulanmaga çalyşmagy bilen Moskwanyň ylalaşmaýandygyny mälim etdi.

Eýran bu sanksiýalaryň kabul edilmegini ýazgardy. Eýran kabul edilen täze sanksiýalaryň öz ýadro programmasy bilen bagly geçirilýän gepleşiklere päsgelçilik döretjekdigini aýdýar.

Kabul edilen bu dokumentler Eýranyň daşary söwdasyny, bank işlerini we energiýa pudagyny nazara alýar.
XS
SM
MD
LG