Sepleriň elýeterliligi

Çehiýanyň paýtagty Pragada Orsýetiň içalysy paş edildi


Orsýetiň içalysynyň paş edilişi baradaky Çehiýanyň gazetiniň maglumatyny Orsýetiň Pragadaky ilçihanasy teswirsiz galdyrdy.

Düýn ynamdar çeşmä salgylanmak bilen, “Mlada fronta dnes” gazeti çeh armiýasynyň üç generalynyň ýakynda işden gitmeginiň orsýetli razwedkaçynyň işi bilen baglydygyny ýazdy.

Içaly bilen generallaryň kanselýariýasyna baştutanlyk eden maýor zenan ýakyn gatnaşykda bolupdyr. Şol maýoryň bilip ýa bilmezlikden gizlin maglumatlary berendigini gazet çaklaýar.

Çak edilýän içaly çeh döwlet edarasynda psiholog bolup işläpdir. Ony hem aýal tanşyny bäş ýyllap yzarlapdyrlar.

“Bularyň üsti açylansoň, psiholog Orsýete gaçdy, maýor işden kowuldy, generallar wezipeden çekildi” diýip, “Mlada fronta dnes” çeh gazeti ýazýar.
XS
SM
MD
LG