Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pentagon 8,7 milliard dollar üçin hasabat berip bilmeýär


Yragy dikeltmek üçin berlen 8 milliard 700 million dollaryň nirä harçlanandygy barasynda ABŞ-nyň Goranmak ministrligi hasabat berip bilmedi.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi tarapyndan döredilen ýörite fonddan 2004-2007-nji ýyllar aralygynda alnan serişdeleriň 95 prosentiniň harçlanyşy barasynda ynamdar dokumentleriň Pentagonda ýokdugyny geçirilen barlaglar görkezdi.

Bu ýerde galplyk barada gürrüň gidip-gitmeýändigini barlagçylar habar bermeýärler.

Şol ýörite fond Yragyň nebitiniň we gazynyň eksportyndan gelýän pullardan hem doňdurylan yrak kapitalyndan ybaratdyr.
XS
SM
MD
LG