Sepleriň elýeterliligi

Bosnýaly musulmanlaryň lideri Serbiýa berilmez


90-njy ýyllarda Bosniýada bolan uruşda bosnýaly musulmanlaryň liderleriniň biri Eýýup Ganiçi Britaniýanyň sudy Serbiýa bermekden ýüz öwürdi.

Ganiç serb häkimiýetleriniň haýyşy bilen 1-nji martda Londonyň Heathrow aeroportunda saklanypdy.

Serbiýanyň häkimiýetleri Ganiçi 1992-nji ýylyň maýynda Bosnýanyň paýtagty Saraýewoda ýugoslaw armiýasynyň 18 esgerini öldürmekde aýyplaýar.

Ýöne Londonda sud Ganiçi jenaýatda aýyplamak üçin ýeterlik subutnamalary Serbiýa bermedi diýen karary çykardy.

Bu karary ondan ýokary derejede şikaýat etjekdigini Serbiýanyň häkimiýetleri öňe sürýärler.
XS
SM
MD
LG