Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama ýaýran maglumatlarda syryň ýokdugyny aýdýar


Barak Obama Owgansystan barada ýaýran maglumatlarda syryň ýokdugyny aýdýar.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Owganystandaky harby operasiýalar baradaky maglumatlaryň köpçülikleýin ýaýramagyna alada bildirdi.

Ýöne Obama şol dokumentlerde hiç hili aýratyn syryň ýokdugyny aýtdy: “Harby hereketleriň teatryndan möhüm maglumatlaryň syzmagyna aladalanýaryn, sebäbi ol käbir adamlary hem tutuş operasiýalary howp astyna salyp biler. Aslyýetinde, şol dokumentler biziň Owganystan boýunça açyk gepleşiklerimizde agzamadyk, köpçülige ýetirmedik maglumatlarymyzyň hiç hili syryny açmaýar. Dokumentlerde geçen ýylyň güýzünde biziň syýasatymyza ýaňadan seretmäge meni mejbur eden problemalar barada gürrüň gidýär”.

Barak Obama ABŞ-nyň Kongresiniň liderleri bilen duşuşykdan soň geçirilen brifingde bu wakany ilkinji gezek teswirledi.
XS
SM
MD
LG