Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kameron: “ÝB Türkiýeden ýüz öwrüp bilmez”


Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan we britaniýaly kärdeşi Deýwid Kameron, 26-njy iýul, 2010-njy ýyl.
Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan we britaniýaly kärdeşi Deýwid Kameron, 26-njy iýul, 2010-njy ýyl.

Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron Germaniýa we Fransiýa garşy çykyş edip, olaryň Türkiýäniň Ýewropa Bileleşigine agzalyga alynmagyna garşy bolup, aýak diremegini tankytlady.

Esasan musulman ilatly Türkiýäniň paýtagty Ankara eden saparynda Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron Türkiýäniň Ýewropa Bileleşigine agza bolmak ýolundaky öňegidişlikleriniň äsgerilmezligine nägilelik bildirdi.

Kameronyň bu sözleri ýakynda ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň we goranmak sekretary Robert Geýtsyň eden çykyşlarynyň dowamy boldy. Amerikan resmileri ÝB-niň Türkiýäni kabul etmekden boýun gaçyrmak bilen bu ýurdy gündogarda özüne täze ýaranlary gözlemäge iterýändiklerini belläpdi.

"Brýussele tarap ýol"

Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron 27-nji iýulda eden çykyşynda Türkiýäniň ÝB-e agza bolmagyna garşy Germaniýanyň we Fransiýanyň ädýän ädimleriniň nägilelik döredýänligini belläp, “Ankaradan Brýussele tarap ýol salynmagyna” özüniň ýardam etjegini wada berdi.

Premýer-ministr Kameron Türkiýäniň paýtagty Ankarada eden çykyşynda Türkiýäniň Ýewropa Bileleşigine agza bolmagyna özüniň gaýduwsyz tarapdardygyny belläp, muňa garşy çykyş edýän taraplaryň “goşa standartlar syýasatyny” alyp barýanlygyny aýtdy.

Britan hökümetiniň ýolbaşçysy Deýwid Kameron NATO agzasy bolan Türkiýäniň harby ýardamyndan Ýewropa Bileleşiginiň peýdalanyp gelýänligini hem belledi. Ol muňa mysal edip esasan hem Owganystandaky harby operasiýalary görkezdi.

Deýwid Kameron Türkiýäniň NATO-nyň ägirt uly ýaranydygyny, terrorçylyga garşy göreşde, ýagny terroçylygyň Al-Kaýdadan başlap, kürtleriň PKK işçiler partiýasy ýaly ähli görnüşlerine garşy göreşde Ýewropa Bilelelşigi bilen deň arkalaşykly göreşýänligini belledi.

Ýiti tankyt

Kameronyň çykyşy Britaniýanyň ozalky leýborist hökümetiniň Türkiýäni goldaýan pozisiýasyny gaýtalan hem bolsa, ÝB-e agza bolmak boýunça 2005-nji ýylda başlanan gepleşiklerden bäri tagalla edip gelýän Türkiýäniň ÝB-e agzalygyna garşy çykýan Germaniýanyň we Fransiýanyň adyna ýiti tankyt bolup ýaňlandy.

Ýakynda Fransiýanyň prezidenti Nikola Sarkozy we Germaniýanyň kansleri Angela Merkel Türkiýäni köşeşdirmäge çalyşdylar we Ankara “aýratynlyklara eýe bolan hyzmatdaşlyk” statusyny teklip etdiler. Emma Turkiýe bu teklipden ýüz öwürdi.

Fransiýanyň prezidenti Nikola Sarkozy Türkiýäniň medeni aýratynlyklarynyň Ýewropa Bileleşiginiň syýasy bütewligine hatar döretmeginiň ähtimaldygyny öňe sürmek bilen öz garşylygyny delillendirmäge çalyşdy.

Emma Britaniýanyň ýolbaşçysy Deýwid Kameron Parižiň delillerini 1960-njy ýyllarda Fransiýanyň öňki prezidenti Şarl de Gölüň Ýewropa Bileleşigine Britaniýanyň agza bolmagyna garşy eden çykyşyna meňzetdi.

Türkiýäniň ähmiýeti

Kameron Türkiýäniň ykdysady kuwwaty sebäpli hem Ýewropanyň bu ýurtdan ýüz öwrüp bilmejegini öňe sürdi. Ol Türkiýäniň şu ýylyň başyndan bäri 11% ösüş gazanan, 2017-nji ýyla çenli tiz ösüş gazanýan ýurtlaryň arasynda ikinji orunda boljagy çak edilýän, şeýle-de esasan ýaş ilatly ýurtdugyna ünsi çekdi.

Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron Türkiýäniň paýtagty Ankarada eneden çykyşynda Eýranyň ýadro programmasy bilen bagly problemany çözmek ugrunda hem Türkiýäniň ähmiýetini nygtady.

Kameron Türkiýä ýüzlenip, Ankarany Ysraýyl bilen gatnaşyklaryny sazlamaga ündedi. Ýakynda Ysraýylyň harbylarynyň Gaza sektoryna ýardam ýüklerini alyp barýan parahatçylykly gämilere eden hüjümi netijesinde dokuz türk raýaty heläk bolupdy.

Ýewropa Bileleşigindäki tankytçylar Bileleşige agza bolmak üçin zerur reformalaryň Türkiýede haýal gidýänligini belleýärler. Türkiýäniň Ýewropa Bileleşigine agza Kiprden barýan harytlaryň öňünde böwet döredýänligini hem aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG