Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystana maliýe ýardamy berler


Gyrgyzystanyň rezidenti Roza Otunbaýewa Bişkekdäki metbugat konferensiýasynda, 16-njy iýul.

Gyrgyzystanyň rezidenti Roza Otunbaýewa Bişkekdäki metbugat konferensiýasynda, 16-njy iýul.

Ýiti syýasy krizisiň we ganly etniki çaknyşyklaryň bolup geçen ýurdy Gyrgyzystana çaknyşyklardan soň emele gelen agyr ýagdaýy tiz ýeňip geçmegi üçin 30 aýyň dowamynda daşardan karz pul bermek göz öňünde tutulýar.

Bu barada geçirilen metbugat konferensiýasynda ýurduň prezidenti Roza Otunbaýewa beriljek kömekden razydygyny bildiridi: “Bu pul Gyrgyzystan tizräk agyr ýagdaýdan çyksyn diýen maksat bilen berilýär. Eger-de milletleriň arasyndaky uruş dowam edip, biz biri-birimizden öç alyp gidip otursak, onda Gyrgyzystanyň nähilidir bir partizanlyk urşy dowam edýän döwlete öwrüljekdigini hemmeler görýär. Başga ýurtlarda şeýle ýagdaý bolupdy”.

Karz pul

Öýsüz-öwzarsyz galan adamlara gyşdan öň jaý salyp bermek zerur. Aradaky dawalary çözmek üçin berilýän pullar Oş bilen Jelalabady gaýtadan dikeltmek boýunça direksiýa tarapyndan sarp ediler. Onuň her bir tiýiniň, ýagny teňňesiniň halkara synçylarynyň göz astynda boljakdygy konferensiýada aýdyldy.

Gyrgyzystanyň Ykdysady ösüş ministri Emil Ümetaliýew ýardam etmek maksady bilen berilýän puluň näçesiniň karz, näçesiniň ýeňilleşdirilen şertlerde berilýändiginiň indi maslahat edijekdigini aýtdy.

Gyrgyzystanyň Maliýe ministri Çorobek Imaşew beriljek pul Gyrgyzystanyň karzyny ulaladyp bilmez diýen pikirde: “Gyrgyzystan kommersial kredit almaýar. Halkara ösüş assosiasiýasynyň şertine görä, 40 ýyllyk möhlet bilen ýyllyk rentasy iki prosentden köp bolmadyk karz alýar.”

Imaşew ýeňilleşdirilen şert bilen alnan kreditiň hasabyndan ýurduň daşky karzynyň diňe 8-den 9%-e çenli köpeljekdigini belledi. Ýykylyp-ýumrulan jaýlary gaýtadan gurmaga ediljek çykdajylar ýurduň býujetiniň hasabyna bolmaly.

Gaýtadan dikeldiş we agzybirlik


Jaýlary gaýtadan gurmak boýunça direksiýanyň başlygy Jantöre Satybaldyýew ýykylyp-ýumrulan öýleri, jaýlary gaýtadan gurmagyň kyn bolmajakdygyny, emma adamlary ýaraşdyrmagyň, olary gaýtadan dynç, parahat ýaşamaga gönükdirmegiň agyr işe öwrüljekdigini aýratyn belledi.

Bütindünýä bankynyň strategiýa we operasiýalar boýunça başlygy Teodor Alers Oşda we Jalalabatda bolan ganly çaknyşyklaryň ýene-de gaýtalanmagynyň öňüni almak üçin gyrgyz hökümetiniň we halkara guramalaryň bilelikde ähli çäreleri görmelidigini nygtaýar.

“Gyrgyzystanyň günortasynda iýun aýynda bolan wakalaryň gaýtalanmazlygy üçin halkara guramalar, donor döwletler berilýän kömek puluň haýsy ugurlara sarp edilimelidigini planlaşdyrdylar. Halkara guramalar ganly wakalary doly öwrenenlerinden soň, ýerli halka kömek bermäge taýýardyklaryny bildirdiler” diýip, Alers aýdýar

Gyrgyzystanyň gunortasynda ýykylyp-ýumrulan öýleri gaýtadan gurmak işleri başlanýar. Oş bilen Jalalabadyň merkezi köçelerinde döwrebap jaýlar we köp gatly ymaratlar gurlar. Bu dürli milletleriň wekilleriniň bilelikde agzybir ýaşamagyna mümkinçilik berer diýlip, umt edilýär.
XS
SM
MD
LG