Sepleriň elýeterliligi

Täze aýlawlarda totalizatorlar hereket eder


Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda gurulýan atçylyk toplumynda, 28-nji iýul.

Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda gurulýan atçylyk toplumynda, 28-nji iýul.

Çarşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda gurulýan atçylyk toplumyna baryp gördi hem-de ýakyn wagtlarda ýurduň beýleki welaýatlarynda-da bina ediljek häzirki zaman atçylyk toplumlarynyň taslamalary bilen tanyşdy.

Ruhabat etrabynda gurulýan atçylyk toplumynda «Türkmenatlary» döwlet birleşiginiň baş direktory S.Gulmämmedow prezidenti atçylyk sporty toplumlarynyň taslamalary bilen tanyşdyryp, desgalarda gurluşygyň gidişi barada gürrüň berdi.

Döwlet totalizatorlara ünsüni çekýär

Taslamalar bilen tanyşdyrylyşda Berdimuhamedowa ýurduň ähli künjeklerinde bina edilýän aýlawlaryň merkezleşdirilen totalizator ulgamy arkaly birikdiriljekdigi barada maglumat berildi. Munuň özi at çapyşyklarynda gyzyklanýan kişilere tölegli oýunlara gatnaşmaga mümkinçilik berer.

Totalizatorlaryň shemasy (Ulaltmak üçin üstüne basyň)
Totalizatorlar bilen gyzyklanýan kişiler diňe bir paýtagtdaky atlara däl, eýsem ýurduň beýleki welaýatlaryndaky at çapyşyklaryna öz töleglerini goýmaga mümkinçilik alyp bilerler.

Ýurduň döwlet aýlawynda totalizatorlary girizmek ideýasy Türkmenistan ýaňy garaşsyzlygyny alaýan badyna hem ýüze çykypdy. Emma ýurduň şol wagtky prezidenti Saparmyrat Nyýazow bu pikire düýbünden garşy çykypdy.

2005-nji ýylda paýtagtyň “Grand” otelinde türkleriň gözegçilik etmeginde ilkinji totalizator açylypdy. Az salym geçmänkä şeýle totalizator “Ak altyn” otelinde hem açyldy. Ýöne bu iki otelde häzir hem hereket edýän totalizatorlarda diňe futbol oýnuna töleg goýup bolýar. Şeýle-de bolsa, bu ýeriniň mähellesi elmydama köp adamly.

Aýlawlarda merkezleşdirilen totalizator ulgamyny döretmek ideýasynyň öňe sürülmegi döwletiň bu biznesde özüniň bähbidini araýandygynyň alamaty bolup ýaňlandy.

Paýtagtdaky at çapyşyklary geçirilýän ýeke-täk aýlawda eýýäm näçe ýyl bäri näresmi totalizator gurnalyp gelinýär. At çapyşyklaryna höwesek janköýerler öz söýgüli bedewleri üçin aýlawlarda ummasyz pul goýýarlar. Şeýle humarly oýunlara höwesek kişileriň pullaryna gözegçilik etmekligiň döwlete gelýän ýene-de bir girdeji çeşmesini döredip biljekdigi aýdylýar.

Halkara standartlarynda bolar

Türkmenistanyň prezidentiniň geçen ýylyň aprelinde gol çeken kararlaryna laýyklykda bina edilýän ýurduň bäş welaýatyndaky aýlawlar halkara standartlaryna laýyk gurulýar. Olaryň ählisi indiki ýylda doly gurlup ulanylmaga berler.

Ahal welaýatynda gurulýan atçylyk toplumy
Welaýatlardaky gurulýan aýlawlaryň içinde iň gymmat proýekt Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda gurulýan atçylyk toplumydyr. Ýurduň prezidentiniň hut özüniň gatnaşmagynda geçen ýylyň aprelinde düýbi tutulan bu atçylyk toplumynyň umumy bahasy 80 million ýewro barabardyr.

Ruhabat etrabynda 83 gektar territoriýada gurulýan toplumy «Etkin» türk firmasy bina edýär. Aýlawyň tomaşaçylar üçin münberleri 7 müň orunlykdyr. Aýlawyň tapawutly aýratynlygy adatça iki sany däl-de, eýsem üç sany aýlawynyň bolmagyndadyr.

Açyk we ýapyk kysymdaky päsgelçilikli meýdanlar, 900 orunlyk amfiteatr, şeýle hem weterinariýa gözegçiliginiň we laboratoriýanyň binasy, doping-gözegçiligi geçirmek üçin korpus aýratyn gurlup, enjamlaşdyrylýar.

Lebap, Balkan, Daşoguz we Mary welaýatlarynda gurulýan sport toplumlardaky.aýlawlaryň her biriniň münberleri 3 müň orunlykdyr. Her bir medeni sport toplumynda VIP-zolak, şeýle hem dabaralary geçirmek üçin ýörite meýdançalar we pawilýonlar göz öňünde tutulandyr.

Her bir aýlawyň athanalary atlaryň 200-si üçin niýetlenilendir. Bu ýerde ahalteke bedewlerini saklamak we olara ideg etmek üçin ähli şertler dörediler.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG